suray94
16.05.2024 00:07
Ine, şol gyz hem atasyna aýdanmyş: «Görýän weli, sen bir zady gaýgy edip gam-gussa çekýärsiň, näme üçin sengaýga galyp aladalanyp otyrsyň? Wezir öz gyzyndan bu hili sözleri eşideninden soň, patyşa bilen özüniň arasynda näme-nämeleriň bolandygyny başdan-aýak aýdyp beripdir. Şährizada bolsa: «Allanyň haky üçin, atam, sen meni şol patyşanyň eline ber, onsoň men ýa-ha diri galaryn, ýa-da musulman gyzlar üçin gurban bolup, olary patyşanyň gazabyndan halas ederin» diýip dyzapdyr. Onda wezir: «Allanyň haky üçin, sen öz-özüňi beýle howpuň üstünden eltiji bolma!» diýip gygyrypdyr. Emma Şährizada: «Ýok, bu hökman şeýle bolmalydyr!» diýipdir. Onda wezir: «Öňem bir daýhanyň öküzi bilen eşeginiň başyna düşeni seniňem başyňa düşer öýdüp gorkýaryn» diýipdir. «Olaryň başyna düşen zat näme?» diýip, Şährizada sorapdyr.

ÖKÜZ BILEN EŞEK HAKYNDA HEKAÝAT

«Biler bolsaň, gyzym, bir baý söwdagär bar eken —diýip, wezir gürrüň bermäge başlapdyr: —Onuň süri-süri maly bar eken, onuň aýaly hem çagalary-da bar eken, onuň özi Allatagalanyň gudraty bilen, mallaryň hem guşlaryň dilini-de bilýän ekeni. Ol söwdagär bir obada ýaşaýar ekeni, onuň gapysynda bolsa öküzi hem eşegi bar ekeni. Bir gezek öküz eşegiň ýatagyna baryp görse, onuň ýatagy syrylyp-süpürilip hem suwlanyp goýlup, ap-arassaja bolup duranmyş, eşegiň ahyrynda bolsa elenip arassalanan arpa, öýdelen saman bar, eşegiň özi bolsa arkaýyn çäşerilip ýatanmyş, dynç alýarmyş diýýär, özi-de käwagt bir iş çykanda, hojaýyn ony münýär diýäýmeseň, ol eşegiň edýän işi ýokmuş, hojaýyn münüp giden wagty-da kän eglenmän, derrew gaýdyp gelýär ekeni. Günlerde bir gün öküziň eşege aýdan sözlerini hojaýyn eşidipdir: «Seniň bagtyň getiripdir! Meniň ýadap sütünim süýnýär, sen bolsaň ýatyrsyň, özüňem elenen arpa iýýäň, saňa gowy seredýärler, diňe käwagt hojaýyn seni münüp, bir ýere baryp gaýdýar, men weli ömürbaky ýer sürmeli, degirmen aýlamaly». Eşek hem oňa şeýle jogap beripdir: «Seni meýdana äkidip, boýnuňa boýuntyryk atarlar weli, sen ýykyl-da ýatyber, ursalaram turma ýa-da turan bol-da, ýene ýatyber. Onsoň seni yzyňa, ýatagyňa getirerler-de, noýba bererler weli, sen ony iýmegin, ýalandan syrkawlan bolgun-da, bir gün, iki gün ýa-da üç günläp hiç zat datman, otdan-suwdan kesilgin, ine, onsoň agyr zähmetdenem dynarsyň, dynjyňy-da alarsyň». Söwdagär bolsa bularyň gürrüňini diňläp duran ekeni. Ine: «Ertir men olar bilen işe çykaryn!» diýip,öz öňünde goýlan ot-iýmleriniň hemmesini iýipdir, hatda ahyryň düýbünde galan çyr-çyrşak galyndylaryny-da dili bilen ýalap çykypdyr. Hojaýyn bolsa bu gürrüňleri-de doly eşiden ekeni. Ertesi gün dogansoň, söwdagär öz aýaly bilen sygyr ýatagynyň ýanyna gelip oturypdyr, daýhan hem gelip, öküzi ýatakdan çykarypdyr; öküz öz eýesini gören badyna, özüniň keselden gutulanyny bildirjek bolup, guýrugyny jaýtardypdyr-da, içinden üýtgeşik ses çykaryp, aýagaldygyna jyrtlap ugrapdyr, söwdagär bolsa oňa güle-güle, ýüzin ýykylypdyr. «Sen nämä gülýäň?» diýip, aýaly ondan sorapdyr. «Men bir zady gördümem, eşitdimem, emma bu syrymy açyp biljek däl, men ony aýdaýsam, hökman ölerin» diýip, söwdagär öz aýalyna jogap beripdir. «Sen eger ölýänem bolsaň, ony maňa hökman aýan etmelisiň hem-de näme üçin gülenligiň sebäbini aýtmalysyň!» diýip, aýaly öz diýenini tutupdyr. Emma söwdagär: «Men bu syry açyp bilmerin, sebäbi men ölümden gorkýaryn» diýip jogap beripdir
21
68
Deyzi_
16 May 2024
👍
medik_
16 May 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.