awadan
15.05.2024 21:39

GOÝUN YÜNÜNDEN öndürilen plastyr WoolAid
«WoolAid» kompaniýasy Täze Zelandiýanyň özüniň döreden tebigy plastyrlarynyň
ýaralary has netijeli bejerýändigini we daşky gurşaw üçin hem peýdalydygyny öňe
sürýär. Adaty nebit-himikat düzümli plastyrlardan tapawutlylykda, WoolAid-iň örän
inçe merinos matasy we çyglylygy ýok etmek hem-de dargatmak üçin ýüňli gatlagy
bar. «WoolAid» kompaniýasy, ýüňüň tebigy dem alyş ukybynyň bejeriş prosesine hem
kömek edýändigini, şeýle hem inçe merinosyň derä ýumşaklyk bilen ýapyşýandygyny
we temperaturany tebigy ýagdaýda kadalaşdyrýandygyny subut etdi.
Kompaniýanyň berýän habaryna görä, ulanylandan soň, plastyrlar dört-bäş aýyň içinde dargamaga
ukyply. Häzirki wagtda firmanyn plastyrlary diňe Täze Zelandiýanyň dükanlarynda
elýeterli, emma geljekde kompaniýa ony giňeltmek üçin işjeň zähmet çekýär.


Bedende ikinji bagyr ösdüriler
Bu barlaga Pittsburg uniwersitetiniň patologiýa professory Erik Lagass ýolbaşçylyk etdi. Ol köpden bäri bagyr kesellerini bejermegiň kliniki usullaryny öwrenmäge gatnaşyp, syçanlar bilen synag geçirdi. Olar gemrijilerde täze sagdyn bagyr ösdürmek arkaly, tehnologiýany synagdan geçirdiler. Hünärmenler bedeniň laboratoriýasynda donor öýjükleriniň kömegi bilen zeper ýeten organyň täze ornuny tutujy görnüşini ösdürmegi başardylar. Alymlar bagyr kesellerini bejermekde täze çemeleşmäni ulanmagy teklip edýärler.

Hünärmenleriň pikiriçe, indi hassalara transplantasiýa bilen kyn operasiýasyny başdan geçirmek zerurlygy bolmaz. Kompaniýa, ahyrky bagyr keseli bolan 12 sany uly ýaşly hassada bejergini barlamagy meýilleşdirýär. Ähli zat meýilnama boýunça gabat gelse, soň hassanyň bedeninde täze sagdyn bagryň ösemegine garaşylýar.
20
38
medik_
16 May 2024
Bagry serroz bolup gidyanler ucin peydaly zat.nesip bolsa yayrap baslar diyip jmyt edyas
olia
15 May 2024
🙄
olia
15 May 2024
-mena berhiz saklayan. +Gowulykmy nm un? -ay taze bagyr osduryanlay shu gunler..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.