Olar bolsa: «Allanyň haky üçin sen bize azar berme, bizi bu beladan halas et!» diýip, oňa jogap beripdirler. Emma gelin olara: «Eger aşak düşmeseňiz, men jyny oýararyn, onsoň ol ikiňiziňem janyňyzy demiňiz bilen bile sogrup alar» diýipdir. Ine, onsoň olar gorkularyndan aşak, ýere düşüpdirler-de, ol gelniň ýanyna barypdyrlar welin, ol gelin olaryň öňünde çiň arkan ýatypdyr-da: «Geliň, özem gatyrak basyň, bolmasa-da häzir jyny oýararyn» diýipdir. Şähriýar patyşa gorkusyndan ýaňa öz dogany Şahzaman patyşa ýüzlenip: «Doganym, sen bu aýalyň özüňe buýurýan zadyny berjaý edeweri!» diýipdir. Emma Şahzaman oňa: «Etmerin! Ilki bilen sen et!» diýip jogap beripdir. Olar şeýdişip biri-birine göz ümläp, yşarat edip, çekeleşmäge durupdyrlar welin, ýaňky aýal olara: «Bu näme boldugy? Görýän welin, siz göz gypyşýarsyňyz-la! Eger siz ýanyma gelip, şu işi etmeseňiz, men jyny oýararyn!» diýip azm urupdyr. Ine, onsoň, iki doganyň ikisi-de jyndan gorkularyna buýrugy berjaý edipdir, olar işlerini bitirenlerinden son bolsa, ol aýal: «Bäriňizi bakyň!» diýipdir-de, goltugynyň aşagyndan gapjygyny çykaryp, onuň içinden dür monjugy ýaly edilip ýüpe düzülen bäş ýüz ýetmiş ýüzük çykarypdyr-da: «Siz bu ýüzükleriň nämedigini bilýäňizmi?» diýip sorapdyr. Olar: «Ýok, bilemzok!» diýip jogap beripdirler. Onda ol aýal: «Şu ýüzükleriň eýeleriniň hemmesi jynyň şahynyň üstünde meniň bilen siziň eden işiňizi etdiler. Siziňem her haýsyňyz maňa bir ýüzük beriň» diýipdir. Ine, onsoň iki doganyň her biri öz barmagyndan bir ýüzük çykaryp,iki ýüzügi oňa beripdir, onsoň ol aýal şeýle diýipdir: «Bu jyn meniň toýum toýlanyp durlan gijesi ogurlap alyp gaçdy-da, meni bir gapyrjagyň içine saldy, ol gapyrjagyda sandyga saldy. Ol sandygyň daşyndan ýedi gulp asyp berkitdi-de, meni möwç urup ýatan deňziň düýbüne taşlady, emma welin, eger aýalyň göwni bir zat islese, ony hiç bir zadyň gorap saklap bilmejekdigini jyn bilmeýär okeni. Bu barada şahyrlaryň biri, ine, şuny aýdypdyr: Ynanjaňlyk etme aýal ýanynda, Hergiz durabilmez äht-peýmanynda. Kä bagyşlap, käte berer azaryn, Söýdüm diýr, ýalandan köp çeker zary, Köýnegne çykandyr ýalanyň şory. Ýalandan başga-da tükenmez oýny, Ýusubam horlanyp, burupdy boýny. Atamyz Adamy azdyryp hiçden, How Enemiz kowdurypdy behiştden. Başga birisi bolsa şeýle diýipdir: Eý yşkyň ýoluny terk eden geda, Meniň kylan işim ýazgarma juda. Selle oranyp aşyklygyň matasyn, Menem kyldym ärler kylan hatasyn. Yşk bir gyzamykdyr, hemmä deň bolar, Onuň örgüninden sypmak geň bolar» Bu aýalyň aýdan sözlerine patyşalaryň ikisi-de haýran galyp, biri-birine: «Bu jyny diýsene, munuň başyna düşen zat biziňkidenem bäşbeter ekeni! Munuň ýaly zat heniz hiç kimiň başyna düşen däldir!» diýşipdirler. Onsoň olar şol sagadyň özünde ol aýalyň ýanyndan aýrylyp gidip, Şähriýar patyşanyň şäherine gaýdyp barypdyrlar; patyşa öz köşgüne giripdir-de, öz aýalynyň-da, gullaryň-da, gyrnaklaryň-da —barysynyň kellesini kesip taşlapdyr. Şondan soň Şähriýar patyşa her gije bir gyz alyp başlapdyr-da, el degmedik gyzy bir gije ýanynda saklanyndan soň, öldürip ugrapdyr; şeýle ýagdaýyň özi üç ýyllap dowam edipdir. Şonuň üçinem adamlar dat-perýat edip, öz gyzlary bilen şäherden çykyp gaçypdyrlar. Ine, şeýdip şäherde äre ýararly ýekeje-de ulugyz galmandyr.Ine, onsoň patyşa öz wezirini çagyryp, şol adata görä, özüne gyz getirip bermegi buýurýar welin, wezirem çykyp, gyz gözlemäge başlaýar, emma ol gyz tapyp bilmänsoň, patyşanyň özüne jeza bererinden gorkusyna, sussupes, lapykeç halda öz öýüne barýar. Patyşanyň weziriniň bolsa iki gyzy bar ekeni: ulusynyň ady Şährizada, kiçisiniň ady hem Dünýäzada ekeni. Weziriň uly gyzy her hili kitaplary, sene ýazgylaryny, gadym zaman patyşalarynyň durmuşyndan hem öten-geçen halklaryň rowaýatlaryndan ýazylan zatlary köp okaýar ekeni, onsoň-da ol gyz gadymy halklara, ozalky patyşalara hem şahyrlara degişli bolan sene ýazgyly kitaplaryň müňlerçesini ýygnanmyş diýýärler.