Bio_girl👩‍🔬💫
14.05.2024 21:25
TITU "Acyk gapylar" gunini geciryar...

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda sagat 15.00-da 2024/2025 - nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriniň okuwçylary, harby bölümleriniň esgerleri, edara- kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin "Açyk gapylar" gününi geçirýär

"Açyk gapylar" gününde ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky hünär özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, uniwersitetde taýýarlanylýan ugurlary, alnyp barylýan okuw- terbiýeçilik we ylmy işleri, şeýle hem, talyplaryň ýokary derejede bilim alyp kämil bakalawrlar we magistrler bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler bilen hem-de döwrebap ýokary tehnologiýalar, enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalary, "Oguz han" ylmy- tehnologiýalar merkezi, kitaphanasy, sport-sagaldyş toplumy we umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşyp bilerler.
25
102
olia
15 May 2024
Men okuwcy wagtym belki karantin bolany ucindir yone her welayata in gowy mekdeplerine yorite baryadylar yygnak edip yokary okuwy tanatyady mugallymlary
olia
15 May 2024
@Emirhan_, hemme yerem edya acyk gapylar🙄
Emirhan_
15 May 2024
@black_heart🖤, mna sanasamok sen teswirlerñi jogapladym🙂
Emirhan_
15 May 2024
@black_heart🖤, mn erbet diyemoga,yone haysy okuwlan etyanni aytdym negativ pikirlenmeda
Emirhan_
15 May 2024
@black_heart🖤, dusinmeyan? ay howwa şeydiymelida inni... sen gutarjak bolp yoren yeriñi mn bireyyam gecdim.
Emirhan_
15 May 2024
@black_heart🖤, öñler tanalmayan tehnikumlar edyadi acyk gapylary icini tanysdyrmak un, tuweleme bu meşhur okuw hazirem edyan eken.
Emirhan_
15 May 2024
@black_heart🖤, daže uytgesik resminamada gerek dal acyk gapylar bolsa
Emirhan_
15 May 2024
@black_heart🖤, dalasgar hokminde icine aylanmak un arzuw etmek nama gerek.
Emirhan_
15 May 2024
@black_heart🖤, rektor we mug..lar gowja cakylyk bn garsy alsa barmagymam ahmal
Emirhan_
15 May 2024
@black_heart🖤, hany goreyin soz bermayin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.