55 sagatlyk interwýu Ginnesiñ rekordlar kitabyna girdi.
Nigeriýada Klara Çizoba Kronborg atly zenan maşgala 55 sagat 24 sekunt söhbetdeşlik geçirip, Ginnesiñ rekordlar kitabyna girdi. Ol umuman gurnan söhbetdeşlikleriniñ wagty 55 sagada deñ bolupdyr. Ginnesiñ rekordlar kitabynyñ habar bermegine görä, Klara Kronborg özüniñ "YouTube" jemgyýetçilik hasabynda 55 sagat 24 sekunt dowam eden söhbetdeşligi gurnady. Kronborg bu interwýu bilen iñ uzak wagt dowam eden söhbetdeşlik hökmünde rekordyñ eýesi boldy.
Öz hasabynda gepleşik alyp barýan Kronborg syýahatçylar, işewürler, aktýorlar, gozgalmaýan emläk bazarynyñ öñdebaryjylary we beýleki iş ugurlarynda iş alyp barýan şahsyýetler bilen söhbetdeşlikler gurnaýar. Ol dürli döwletden 90 adamdan interwýu aldy. Söhbetdeşliklerde gepleşige çagyrylan şahsyýetiñ öz ugrunda gazanan üstünliklerine orun berildi. Kronborg Amerikaly Rob Oliweriñ 2022-nji ýylda 37 sagat 44 minut interwýu edip, gazanan rekordyny täzeledi.
Çeşme: atavatan-turkmenistan.com (27.04.2024)