Belli zat
Ýer üstünde söýüň birek-biregi
Ýer astynda görmejegiň belli zat
Ezizläber ýüregiňe gireni
Bir giden soň gelmejegem belli zat!
Hiç peselme,dyrmaşyber ýokary
Kyn iş däldir azap çekseň bolany
Sylap,söýgüň wagtyň barka dogany
Soň mährinden doýmajagyň belli zat!
Şükür eýle göz açylan her gün
Her şüküriň ýagty saçsyn ömrüňe
Ötünç sora degen bolsaň göwnüne
Ölenden soň diýmejegiň belli zat!
Gören kişi toba kylar azgyna
Uýat sözler gelşmez kişiň agzyna
Ýaman gylyk ornaşan soň kalbyňa
Melek bolup bilmejegiň belli zat!
Ençe ynsan haram para ýetendir
Baýlyk üçin ynsabyndan ötendir
Soňky ýolda üstüň duw ak kependir
Çille,pombarh geýmejegiň belli zat!
Ynamdyr dünýäniň agram bölegi
Çyn söýgüler gurşap alsyn älemi
Ýaralamaň,hiç aglatmaň ýüregi
Köýenden soň söýmejegem belli zat
Şyhberdiýewa Göwher
Oglanjygyň arzuwy...
Bir gün geler menem barly bolaryn
Ýuwdunmaryn,iller nahar iýende
Arzuw edip garamaryn,men bilen
Deň çagalar gowy eşik geýende
Gorkman,ürkmän iýbiçerin doýunçam
Şo günlere ýetmek üçin işlärin
Ynanýaryn geler maňa-da döwran
Emma oňa çenli hyrçyn dişlärin
Gaty çôrek zor tapsamam şuwagtlar
Näräzy bolmaryn hergiz Hudaýdan
Ýöne näm üçindir ýetse derejä
Öňki özüni hem unudýar adam
Näçe hor bolsamda,eğri ýollara-
Baş goşman,nebsime hergiz egilmen
Seni geýindirip,meni aç goýan
-ýalaňaç goýan
Bu zalym durmuşa asla ýeňilmen
Göwher Şyhberdiýewa