Geçmişdäki ýatlamalar sebäpli dörän gahar gan damarlarynyň işine ýaramaz täsir edýär. Bu açyş Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan edildi.
Gözlegler gahar duýgusynyň gan damarlarynyň hereketine zyýan ýetirýändigini görkezdi. Netijede, bu aterosklerozyň, ýürek agyrysynyň ýa-da insultyň döremegine eltip bilýär.
Barlagda 280 sany uly ýaşly meýletinçi bilen tejribe geçirildi. Olary gaharlandyrýan bir wakany ýatlamak, gynançly ýazgylary okamak ýa-da emosional bitarap ýagdaýa gelmek üçin 100-e çenli sanamak tabşyryldy.
Şol bir wagtyň özünde alymlar gatnaşyjylaryň gan damarlaryny düzýän öýjükleriň ýagdaýyna gözegçilik etdiler. Ölçegler synagdan ozal, onuň dowamynda we 3, 40, 70 we 100 minutdan soň barlagdan geçirildi.
Gahar-gazaply ýatlamalar gan damarlaryny has hem ýaramazlaşdyrdy. Bu täsir 40 minut dowam etdi. Muňa garamazdan, Amerikan ýürek birleşiginiň žurnaly habar bermegine görä, alada we gynanç gan damarlarynyň ýagdaýynyň üýtgemegine sebäp bolmaýar.
«Biz gaharly ýagdaýyň gan damarlarynyň işlemezligine sebäp bolýandygyny gördük, ýöne bu üýtgeşmelere nämäniň sebäp bolup biljekdigine entek düşünmeýäris» – diýip, ylmy makalanyň awtorlary bellediler
çeşmesi salam newes