milana
13.05.2024 20:25

6.bölüm
Serwi ädiklerini synlap durşuna sesini çykarman baş atdy-da otagyna tarap ýol aldy. Otagyna girdi-de egnindäki gyş eşikleri çykardy, olary eliniň ugruna jaýyň bir burçuna oklap göýberdi. Kellesini ýassyga göýberdi. "Indi näme etmeli" diýen pikir onuň beýnisine düşen gurçuk ýaly kellesini gemirip barýardy. Eýýäm ýetginjeklik döwründe ýürege ornan söýgiden aňsatlyk bilen geçip boljak däldi. Esasan hem "ilkinji" söýgiden. Serwi şol ýatyşyna Soltany ilkinji gezek gören gününi ýatlady. Mekdep ýatlamalary onuň gözüniň öňünde janlanmaga başlady.
Soltanyň maşgalasy kakasynyň işi sebäpli Balkan welaýatyna göçmeli bolýarlar. Ol öz dogduk mekany Marydan ýüregini üzüp gaýdanyna gaty gynanýardy. Ol özüni ýat ýerde ýeke duýýardy. Maşgalada ýeke-ýalňyz çaga bolan soň oňa höwür bolar ýaly dogany hem ýokdy.
Täze okuw ýylynyň ikinji çärýeginde mekdebiň ýedinji synpyna täze okuwçynyň gelip goşuljakdygy, özem şeýlebir sowatly, şeýlebir edepli, öňki mekdebinde öňde baryjy okuwçylaryň biri bolandygy baradaky habarlar ýyldyrym tizliginde ýaýrady. Hatda mugallymlar hem, okuwçylar hem ony görmäge gyzyklanmasy artyp başlady. Serwi hem gyzyklanman duranokdy. Diýilýän myhman gelende synp ýolbaşçy Güljan mugallyma okuwçylary bilen salamlaşyp, olara oturmaga rugsat bereninden soň täze okuwçynyň gelenini yglan etdi. Onuň obalaryna ýakynda gelendigini, Soltan bilen tiz wagtda dostlaşyp, oňa mekdebi görkezmeklerini, synpda nirede nämäniň durýandygyny öwretmeklerini, göwnüne degmezliklerini tabşyrdy. Soňra Soltana seredip:
- Soltan, özüň barada täze synpdaşlaryňa gürrüň ber hany! -diýip ondan özi barada deň-duşlaryna kelam agyz söz diýmegine garaşdy.
Soltan gynançdan ýüzüni aşak salyp durdy, ne mugallymanyň ýüzüne seretýärdi, ne-de täze synpdaşlarynyň. Öz obasyndan göçüp gaýdanyna gaty gynanýardy. Uly obasyny, saman suwaglyja öyüni, bileje oýnan köçe dostlaryny, saçak ýazanda hersi bir ýerden ylgap kömege gelýän dogan-garyndaşlaryny, köneje bolsa-da ýatlamalardan doly mekdebini, garagol synpdaşlaryny, talapkär mugallymdyr mugallymalary küýseýärdi. Onuň gaýgysy ýüzünden bildirip durdy. Ol çekinjeň bolsa-da gaýratly oglandy. Özüni ele aldy-da başyny galdyryp synpa göz gezdirdi. Synp özi bilen ýaşytdaş oglan-gyzlardan doludy. Synpdaky okuwçylaryň ählisiniň gözleri Soltana dikilendi. Radio diňleýjileri kimin ony diňlemäge şaý bolup, sessiz otyrdylar. Hat-da synpda siňek uçsa sesi eşidiljekdi. Soltan bar dogumlulygy bilen söze başlady:
- Salam, synpdaşlar! Meniň adym Soltan. Men siziň obaňyza ýaňy-ýakynda göçüp geldim...
Ýetginjeklige ýaňy bir gadam uran oglanyň diline şu sözlerden başga söz gelmedi. Ýene-de bir zatlar diýmek isläp, kellesinde sözlem gurdy, emma diýmekden çekinip goýbolsun etdi. Mugallymanyň ýüzüne "Aýdyp boldum" nazary bilen köp manyly seretdi. Soltan sözüni tamamlandan soň mugallyma täze okuwçysyna boş ýerleriň birine geçmegi buýurdy. Soltan ses-üýnsüz ýene synpa göz gezdirdi. Täze synpdaşlarynyň gözleri entägem oňa dikilendi, onuň her bir hereketini üns bilen synlaýardylar. Soltanyň gözleri synpda gaýmalaşyp özüne boş ýer gözläp başlady. Onuň ünsi ikinji hataryň üçünji partasynda eglendi. Bu partada Serwi ullakan, ýaşyl gözlerini petredip ellerini biri-biriniň üstüne gowşuryp täze synpdaşynyň gaýgysyna şärik bolup otyrdy. Gapdalynda hiç kim oturanokdy. Ýanyndaky stulda kitapdan doly sumkajygy durdy. Soltan Serwiniň hataryna tarap ýöneldi, gözleri ony sypdyranokdy, bütin synp hem Soltanyň ýörän ugruna tarap kellelerini öwürdiler.
Okyjylara: Harp ýalňyşlykaryna üns beren halatyňyzda teswirde belläp geçmegiňizi haýyş edýärin.
~Milana
19
128
milana
13 May 2024
@ayymsha, 😊😇
ayymsha
13 May 2024
Hekaýa bn surat sazlaşypdyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.