Onda Şahzaman oňa: «Awa-şikara gidýän diý-de, meniň bolýan otagymda gizlenip otur, onsoň sen gözüň bilen görersiňem, hemmesine gözüňi ýetirersiňem» diýipdir. Onsoň Şähriýar patyşa şol sagadyň özünde awa gidýänligini jar etdiripdir, onuň goşuny-da çadyrlarynyalyp şäherden çykypdyr, olar bilen birlikde patyşanyň özi-de çykypdyr, emma soňundan ol bir çadyryň içine giripdir-de: «Meniň ýanyma hiç kim girmesin!» diýip, hyzmatkärlerine buýruk beripdir. Onsoň ol daşky sypatyny üýtgedipdir-de, ogrynça köşge dolanyp gelip, öz doganynyň bolýan otagyna giripdir; onsoň, bagdan tarapky penjiräniň agzynda birsellem oturypdyr welin, ynha, birdenkä bir topar gyrnak, olaryň arasynda-da patyşanyň aýaly, gullar bilen bile baga girip başlapdyr; onsoň olar tä ikindi namazynyň azany aýdylýança, Şahzamanyň gürrüň beren işlerini edipdirler. Şähriýar patyşa bu ýagdaýy gözi bilen görensoň, onuň huşy başyndan uçup, gözleri gubarlapdyr, şonuň üçinem ol öz dogany Şahzamana ýüzlenip: «Tur, häziriň özünde gideli, bize patyşalygam gerek däl, häkimdarlygam, tä özümiziň başymyza düşen şu işiň başga biriniňem başyna düşenini görýänçäk gideli oturaly! Beýle ýagdaýda ýaşanymyzdan ölenimiz gowy!» diýipdir. Ine, onsoň olar gizlin gapydan çykypdyrlarda, gije-gündiz diýmän, ýol ýöräpdirler, şol gidip baryşlaryna-da şor deňziň ýanyndan akýan bir çeşmäniň gyrasynda, otlujak ýerde gögerip oturan bir agajyň üstünden barypdyrlar. Olar şol çeşmeden suw içip, dynç almaga oturypdyrlar. Gün ýaşan çagynda, deňiz birdenkä tolkun atyp başlapdyr, onsoň onuň içinden tüweleý ýaly uzyn sütün ýokary galyp, asmana ulaşypdyr-da, bularyň oturan ýerindäkn otlujaga bakan gaýdypdyr. Iki dogan muny görüp, biçak gorkupdyr, olar gorkularyna hälki agajyň üstüne çykypdyrlar (agaç bolsa biçak beýik ekeni), ine, onsoň olar soňunyň näme boljagyna garaşyp otyrlar ekeni. Birdenkä görseler, olaryň garşysynda uzyn boýly, äpet kelleli, döşi gapak ýaly jyn peýda bolupdyr, onuň depesinde bolsa bir sandyk barmyş. Ol jyn deňizden çykyp gelip, iki doganyň münüp oturan agajynyň aşagynda düşläp oturypdyr-da, sandygyň agzyny açyp, onuň içinden bir gapyrjak çykarypdyr, ol gapyrjagy-da açypdyr welin, onuň içinden, şahyryň aýdyşy ýaly, täze dogan gün kimin ýalbyrap oturan inçe billi owadan gelin çykypdyr. Hawa, Atyýýa şahyr ol gözeli şeýle ajap suratlandyrypdyr: Şuglasy tüm gije daňlar atyrar, Nury dagy gülgün reňge batyrar. Çar köşeden gün dogan dek jemaly —Gök deňze gark bolar ýyldyzlan, saly. Ýaldyrap çykanda, il höwesdedir, Yns-jyns beýhuş, melul, hassadyr. Gözünde ýyldyrym, otlar çakdyrar, Göz ýaşlardan baran siller akdyrar2. Onsoň jyn ol gelne garap: «Eý, asylly perizat, toý gijesi ogurlap alyp gaýdan gezelim, meniň birazajyk ýatasym gelýär!» diýipdir-de, kellesini ol gelniň dyzynyň üstünde goýup uka gidipdir; ýaňky gelin ýokarsyna seretse, agajyň üstünde iki sany adam otyr eken. Agajyň üstünde oturan patyşalary gören gelin, jynyň kellesini dyzynyň üstünden aýryp ýerde goýupdyr-da, agajyň aşagynda ör turup duran ýerinden iki doganyň ikisinede ,,Bu jyndan gorkmañ-da aşak düşüñ"diýip yşarat edipdir.