Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär.
ABŞ-nyñ Nasa kosmos gullugy Aýda otly gatnawyny amala aşyrmak üçin ilkinji ädimini ätdi. "Flexible Levitation on a Track" (FLOAT) atly taslamanyñ 2030-njy ýyllarda Aý bazasynyñ işlemegi üçin "möhüm" boljakdygy bellendi.
Taslamany amala aşyrýan toparyñ pikirine görä, bu taslamanyñ Aýda ýüze çykarylan serişdeleri daşamagyñ ygtybarly we özbaşdak üpjün etjekdigi bellendi.
- Aýda ygtybarly, awtonom we netijeli ýük daşamagy üpjün etjek Aý demir ýol ulgamyny gurmak isleýäris. Çydamly, uzak wagtlap dowam edýän robotlaşdyrylan ulag ulgamy, 2030-njy ýyllarda Aýyñ dowamly bazasynyñ gündelik işi üçin möhüm ähmiýete eýe bolar - diýip, Nasa edarasynyñ beýanatynda bellenilýär. Her bir robotlaşdyrylan otly ulgamynyñ sagatda takmynan, 1,61 km tizlik bilen dürli şekilli we ululykdaky ýükleri daşap biljekdigi aýdylýar.
Çeşme: atavatan-turkmenistan.com (13.05.2024)