Jigimi köp gezek öldürdim. 3-nji bölüm(Bolmadyk waka)
...Olara meni boşadyp bilerler ýorgany bölek-büçek edip, ýöne ilki bilen süňkli hem bolsa kellejigim bilen hoşlaşaryn. Mbäh belki çykgynsyzlyk, mümkin refleks ýada ýaşamaga höwesden kelle gaty dury hem çalt işleýäraý. Möjek ýaly hyrlamagy öwrenmeli. Sebäbi häzir şagal-möjek gelipjik "Oho gülýaly lawaş-gamburg" diýeninde men hiç-hili goranyp bilmän gygyryp bilerin. Gygyrsamam ol möjek şagallar, öz çagalaryna "Bir samsyga duşduk, daňylgy eken. Pahyr nemesini ýyrtyp gygyrsada iýmeli boldyk. Görgüli gygyryp-gygyryp adeýalyha peşew-tezek edendir" diýip gürrüň bererler. Onsaň hyrlasam bolmanda "Bizýaly werawulfdan(Möjekden azan adam) bolaýmasyn" diýip gorkmaklary ahmal. A näme popugaý biziň dilimizde gürlese biz adamlar çekinýäsä. Başga alaç ýokhow. Doganymam bir ýerde kikirdäp oturandyrweli, olam aýak-ýola gitse yzynda meňki gutardy. Onsaňam oň özüne topulsalar näme?! Erkekçe herkim özüni gorar. Olam samsykdälä "Geliňeee möjekler meni iýiberiň, men Romany boşadaýyn" diýip süýji läşge gril bolarýaly. Temwole biziň nirä haçan gidenimizi hiçkim bilenok. Onsaň men hakykatdan hem hyrryldap başladym "Hyrrrrr. Arrrrr" suwsuz bokurdagym diňe çyňsamaga ýaraýmasa. Suwsuz, agzym gurap "Gygyrmagada güýç gerek, gel güýjümi ekenom edeýin" diýip ýene ýuwaş ýatdym. Gelenlerinde gygyraryn, hyrlarynda. Mbäh gyzykly. Şu çagajyklary, ýaňy dogulan bäbejikleri hem hemme ejeler arlyga gowy dolap, soňam edil meňki ýaly ýüp bilen daňýarlar ahyry. Aýdýanymyň sebäbi ýatlaň, şol bäbejiklerä köplenç daňylgy arlyklaryndan çykyp boşanyp bilýärler. Ýagny ellerini boşadýarlar. Ýöne nädip??? Indi men boşanmak üçin bäbek wagtymy ýatlamalymy! Oýbl. Ony ýatlamagy Albert Eýnşteýinem başarmaz. Möjeklere iýilmejek bolsaň ýatlajak bolup tansam edersiň. Şeýlelikde boşanmak. Bäbekler hemişe diýenýaly ýönekeý ýere aýalaryny(elleriniň içi) açyp ýumýarlar. Haçanda aýalaryna birzat düşse, aýalary ýumulýar we berk gysýarlar hem ellerini gymyldatýarlar. Bu ýagdaý arlygyň içinde köp gaýtalanýar. Arlyk bolsa, bäbegi bogaýmasyn diýip bokurdak tarapyny gaty gysyp daňanoklar. Netijede bokurdak tarapy gowşak bolýar hem bäbek aň-düşünje(инстуктивно) bilen gowşak tarapa elini süýşürýär we boşanýar. Indi men demimi uly-ulydan alyp başladym. Elimi çykarjak ýerim giňärýaly. Çala-çula sport bilen meşgullanýanym üçin öýkenim ulurakdy. Ahyry "Innä giňändirdä" diýip bilimdäki köýnegimi gysdym we barmaklarymy ýokaryk itip, elimi ýokaryk süýşürip başladym. Bolanok. Ýumrugymy gyssam, dartyş güýji köpelip, süýşmäm azalýar. Şolwagtam daş-töwerekde birzadyň aýlanyp ýörenini eşitdim...
3-nji bölümiň soňy.
Bellik: Şu eseri, awtordan birugsat paýlaşmak gadagan edilýär.
Awtory: IDEALLIDER.