awadan
13.05.2024 09:13

TÄZELİKLER:::::::::::-::::::::::::::::::-::::::::::::::
Iň uzyn saçly gyz
Ukrainaly Aliýa Nasyrowa häzirki wagtda Ýer ýüzündäki zenanlaryň arasynda iň uzyn saçlaryň eýesi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy başardy. Boýy 1,65 metr bolan bu gyzyň saçynyň uzynlygy 257,33 santimetre ýetýär. Bu barada «euronews.com» habar berýär.

Häzirki wagtda Aliýa Slowakiýada ýaşaýar, suratkeş, grafiki illýustrator hem-de model bolup işleýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleri Aliýany «janly Rapunsel» diýip atlandyrdylar. Aliýanyň öz aýtmagyna görä, şeýle uzyn saçlary ösdürip ýetişdirmäge ony ejesi, enesi hem-de multfilm gahrymanlary ruhlandyrypdyr.

«Lo Show dei Record» italýan programmasynyň ýaýlymynda Aliýa saçyny hiç wagt kiçeltmändigini, diňe ujuny çyrpandygyny, hat-da saçlaryny hepdede bir gezek ýuwýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol saçlaryny tebigy ýagdaýda saç guradyjy enjamy ulanmazdan guradyp, käwagtlar bu proses bir güne çenli ýetip bilýändigini nygtady.

Taryhda ilkinji gezek
«Championat.com» -yň habar bermegine görä, Mançester Sitiniň meşhur ýaş hüjümçisi Erling Holand «Clash of Clans» mobil oýnunyň gahrymany bolup, bu ýagdaý adam bilen hyzmatdaşlyk taslamanyň taryhynda ilkinji gezek boldy.

Oýny işläp düzüjiler norwegiýaly hüjümçiniň «Clash of Clans» oýnuny ençeme wagtdan bäri oýnaýandygyny, şonuň üçin hem bu bilelikdäki taslama çalt razy bolandygyny bellediler. Oýunda Holand möwsümleýin futbol temaly oýun çäresiniň çäklerinde warwarlaryň Şasy bolar. Täzelenme futbol temasyna birnäçe režimleri we ýumuşlary goşar.

Kosmosda täze molekula tapyldy
«Gazeta.ru» -nyň habar bermegine görä, Massaçusets Tehnologiýalar institutynyň bilermenleri kosmos giňişliginde täze molekulanyň tapdylar.

Häzirki wagtda bilermenler ýyldyzlaryň we Gün ulgamlarynyň emele gelýän ýerlerinde molekulalary öwrenip, täze molekulalary gözlemek üçin molekulalary özboluşly yzlary – aýlanyş spektri bilen kesgitlemäge mümkinçilik berýän aýlawyň spektroskopiýasy usulyny ulanýarlar. ALMA teleskopynyň maglumatlaryny ulanyp, NGC 6334I ýyldyzlarynyň emele getirýän sebitinde 2-metoksietanol molekulasynyň 25 aýlaw çyzygyny tapdylar. Nobatdaky täze açyş bilermenlere molekulanyň bollugy we tolgundyryş temperaturasy ýaly, fiziki parametrlerini kesgitlemäge, ýyldyzlararasy belli prekursorlardan himiki emele gelmeginiň ýollaryny gözlemäge mümkinçilik berdi.

2026-njy ýylyň sport paýtagty
Ýewropanyň sport paýtagtlary we şäherleri federasiýasy tarapyndan Azerbaýjanyň Baku şäheri 2026-njy ýylda dünýäniň «Sport paýtagty» hökmünde saýlandy. Azerbaýjanyň ilatyň saglygyny berkitmek ugrundaky tagallalaryna, ýokary ülňülere laýyk gelýän döwrebap sport infrastrukturasynyň barlygyna şeýle-de, sporty ösdürmek boýunça nusgalyk işine ýokary baha berildi.

Käbir maglumatlara görä, geljek 2025-nji ýylyň ahyrynda Ýewroparlamentde Bakuwyň dünýäniň «Sport paýtagty» hökmünde resmi tanyşdyrylyşyny geçirmek meýilleşdirilýär.
28
125
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.