Jigimi köp gezek öldürdim. 2-nji bölüm(Bolmadyk waka)
...Sebäbi soň agam "Halas ediň" kliçka goýar ahyryn. Nädip boşanmaly??? Indi 6 sagatdan soň pikirlenip başladym. Men ortaça 3 günden ölerin. Agam adam öldürmez, ondada jigisini. Onda??? Bu ýerde meň kösenenim galýar. Kösenmezlik üçin men näme etmeli? Boşanmaly! Boşanmak. Nädip bede ýüpi üzmeli, ondada adeýala daňylgy halyma. Elimi gymyldadyp adeýaly dartyp başladym. Ýüpi üzüp ýorgany ýyrtaýmak niýetim bar. Nä özüňe Gerkulesdirin öýdýäňmi? Aý Gerkulesädälweli, bu dolangy ýatanymam polat-demirdäldä. Şu bela janygýan üzjek bolup, Käbäm-ejem, biderek ýere ulaldyp-ösdürmändirä, ödäýinda. Göräýmäge ýorganjykweli, boşanmaga aňyrda dursun, hatda ýorganyň bir gylyny hem üzüp bilmedim. Oňa derek bar ysgynym gitdi. Indi güýç toplamaly. Suwsaýanam. Agşam golaýlady. Sagat 6 töwerek boldy. Inniki myhmanlarymyz mör-möjekler. Tarakanlar, eşek-ýassyklar, tomazaklar, byzowlar. Ine ýorganymyň içinde birzat gybyrdyklap başlady. Men "Maňa ölendir öýdüp etimi iýip başlamasyn" diýip gymyldamaga başladym. Gybyrdyklamasyny goýdy. Güýç topladym. Indi boşanmagyň ýoluny gözlemeli. A siz "Iňňeläp guýy gazmak" barada eşidipmidiňizi?! Bärde gazmaly guýyha ýok, ýöne bilimiň deňindäki ýorganyň ýerini barmagym bilen çümmükläp aýyrjak bolýan. Diňe barmak we goşar gymyldaýar. Ýagny bir çümmüjek pagtany alyp, ol çümmüjek pagtany hem ýorganyň içine sokýan. Ep-esli wagt şeýdenimden soň eeeee bgendim, bir ýumrukýaly deşik ýasadym. Ahyry boşanjak. Ýumrugymy başyna çykarsam, diýmek tirsege çenliçykar, soň golum, soň özüm çykarynda. A ýok blt. Ýumrugym çykdy, ondan aňyrsyna ýüp daňylgy ahyry. Bu deşigem bir peşewe ýaraýmasa... Çykyp bilmedim. Ýene höwesden gaçdym. Höwesden gaçanym hijoooo ysgyndan gaçdym. Bütün bedenimiň gysylyp ýatmagy netijesinde, diňe kelläniň erkinligi sebäpli gan-basyşy, dawlenýä we köp gan nirä urýandyr öýdýäňiz??? Elbetde KELLÄ. Kellämden we bedenden doly erkin gan-aýlanyp bilmeýänligi netijesinde baş-aýlanma, ýürek bulanma başlady. Soňam elementarno, galýusionasiýa(Галлюцинациа) başlar. Geläýdik öýdýän. Sagat agşam 20:00-töweregi. Indi näme etmeli. Agam bir eýýäm bu zatlardan çykalga tapyp goýandyr. Sebäbi men Şerlok Holms a ol bolsa meň Mariattim içi-garagalmyş. Indi näme etmeli. Bu günä doly ysgyndan gaçdym. Ertir dynç alyp yzyny dowam etmeli. Diýipjik uklajak bolanymda başladylar aýdyma, güjükmi, şagalmy, mümkin möjek. Olara meni boşadyp bilerler ýorgany bölek-büçek edip, ýöne ilki bilen süňkli hem bolsa kellejigim bilen hoşlaşaryn...
2-nji bölümiň soňy.
Şu eseri awtordan birugsat paýlaşmak gadagan edilýär.
Awtory: IDEALLIDER