Sensiz ömürmi?,
Aý ýok, gözöñüme gelenok,
Bu birhili ,,topraksyz kök" diýen ýaly,
Kalbymda gan öýen ýaly,
Urunaryn, çyrpynaryn,
Unutmagy unudaryn,
Asmandan aşak gaçaryn,
Hawa, çynym.
Ho-ol arada az wagtlyk,
Tersleşdik ýadyñdamy?,
Zemin başaşak öwrüldi,
Çagba guýdy, buýdy göwnüm,
Duýgylam hossarsyz galdy,
Tapmadym islegmiñ göwnün.
Adatylyk senden daşda, alysda,
Aşyk bolan her kes düşmez bu taba,
Seni ýitimirmezlik üçin adyñy,
Ýazdyraýsammykam ,,gyzyl kitaba"?.
Baýram Bejidov