Jigimi köp gezek öldürdim. 1-nji bölüm.(Bolmadyk waka)
Ýaňy 15 ýa 17 ýaş töwerekdim. Ýaşlygym. Gögele. Käte dälilikden, käte gam-gussadan ot-syçraýan wagtym. Ol otlar bedenimden syçrasa ile meňzeş bolardym. Köp ýerlerde bolmajysy bolýadym. Howwa, arak-çilim nas hiçzat edemok, ýöne olary söýýänler bilen tirkeşýän. Arakhorlar hem ahyry birde bolgusuz zat diýmese, soňunda diýýäler ahyry. Zyýanly endikler etmek pikirmdede ýokweli ondada Mähriban Käbäm we doganym(Dwaýurdny) dagap gitmegimden gorkýardy. Onsaň durmuşda meniň "Birhilidigimi" tas hemmeler bilýär. Diýmek maňa "Birhili" sapak, okuw, terbiýe gerek. Agam şeýle pikiri kellesinde aýlan bolmaly. Ol anna güni maňa:
— Rom, saňa bir öwretjekzadym bar. Meň bilen gitseň, menä meýdana gitjek. Durmuşy bilersiň. Gideli. Ökünmersiň. Mümkin ilkibaşda çala aljyrarsyň, soň ýüz-müň şükür edersiň. — diýip bir-geňsi teklip berdi. Aý näme, sylaýan we hormatlaýan agam bolany üçin, iş-buýrmaýany üçin men hökman gidäýmeli. Ulagda ilatly ýerde 2 sagat, ýene 3 sagat meýdanlyk-çöllük ýerden ýol ýörändirs. Ulagda gowy uklapdyryn, meger suwuma agam birzat garandyr, nirä gidýänimi bilmezimýaly. Ine iki bolup "Alyň-ala meýdanyna" baryp düşdük, daň bilen. Baran ýerimiz bir harabalyk bolup göz-çenim bilen 8-10km aralykda janly jemende ýok. Aý geçdik oturduk, çaý-suw, nahar iýip-içdik. Gün-günortan bolandyr. Soň agam söze başlady:
— Ooooow Roma... Sen bu durmuşuň gadryny bilýäňmi? Şol uçup barýan bulutlary görüp begenýäňmi? Islän ýeriňe jany-sag aýlanyp bilýäniňe şükür edýäňmi? — diýip bir az wagt dymdy. Men jogaplamagyň manysyz boljagyny bilip sesimi çykarmadym. Soňra agam ýerinden turup yzyna düşmegi buýrdy. Bardym yzy bilen bir taşlanan jaýyň içine. Görsem ýorgan-düşek. Men içimden "Bu agşamy bu ýerde geçirip, gorkak-batyrlykda tutup, ömrüme "Gorkak" peçady goýmak isleýär. Bu aňsat ahyry, gerek bolsa öwlýä-gonamçylykdada, mazarlykdada ýataryn" diýip çişdim. Agam bolsa:
— Gel hany şu ýorganyň bir ujunda ýat, men seni şu ýorgana dolajak. — diýdi. A näme, öz içinden çişen mendim. Bardym ýatdym gapdalynda. Agamdyr döwi kimin güýç bilen, dolady dolama gutapýaly bu ýorgana. Ine el, aýak, göwre daňylgy. Gymyldaphem bolanok. Pyrlanyp çözülmezimýaly hem bede-ýüp bilen gowy edip daňdahoooo bu. Kokundaky kebelekýaly hykgyldap ýatyryn. Agam ýylgyryp dur gapdalymda. Menem ÝYLGYRANSYRAN BOLUP:
— Güldük, düşündik. Çözäý!!! — diýdim. Agam:
— Çözjek bolsam daňyp näme edeýin?! Men saňa sözler bilendälde, hereketler bilen düşündireýin. Wii ýogsada iň soňky sözlemim we maslahatym, hemişe özüňe "Soň näme bolar" diýen soragy ber we tapan jogaplaryň wariantlaryny köpelt!!! — diýdide, nädendir öýdýäňiz??? Gitdow olow:((((. Men öz içimden "Aldaýandyrlaý" diýip ýatyryn. A ýok. Nejisi gelenokhow. Ýatyberä şeýdip. 1 sagat geçdi, 6 sagat geçdi gelenokhow. Agşam sagat 6 ýa 7 bolandyr. Men näme??? Gelmedi welin:
— Eeeeeý, adam barmy. Eeeeýý. Kim barrrr — diýip gygyrmaga başladym. Şondada honnansy-gopbamlygym(Egom) "Halas ediň" diýip gygyradaýanok. Sebäbi soň agam "Halas ediň" kliçka goýar ahyryn. Nädip boşanmaly???
1-nji bölümiň soňy.
Bellik: Şu eseri, awtordan birugsat paýlaşmak gadagan edilýär.
Awtory: IDEALLIDER.