IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 19
191. Adatça gymmat-baha daşlaryň ölçeginde karat ulanylýar. Grek dilinden terjime edileninde "keration", çowdary(рожкового) ösümliň dänesiniň adyny aňladýar(Seratoni). Bir-birinden düýbünden tapawutlanmaýan bu däneleriň agramy 0,2gram bolup, ol däneleri grekler, gaty dogry ölçegler üçin ulanypdyrlar.
192. Möjekler aýa(луна) bakyp uwlanoklar. Olar üçin uwlamaga haýsydyr birzat gerekdäl. Bu aň-düşünjeli jandarlar bir-birleri bilen ara-gatnaşyk saklamak üçin uwlaýarlar, şeýle usul bilen olar ýoldaşlaryna aw tapandyklaryny duýdurýarlar(eger siz möjek uwwuldysyny eşitseňiz onda goragyňyzy has-beter güýçlendirmeli sebäbi möjekler tarapyndan iýilmegiňiž ahmal), toparyň hereketlerini aýdýarlar, beýleki toparlara özleriniň ara-çäklerini duýdurýarlar. Olaryň aýa bakyp ulamalary baradaky rowaýatlar bolsa, möjekleriň diňe agşamlaryna uwlap, agşamky awçy bolup, kellerini ýokaryk galdyryp ulaýanlary üçin döredilden.
193. Garynjalaryň bir-birlerine maglumat bermekleri üçin feramonlary(yslary) ulanylýanlygy alymlara bir-eýýämden bäri mälim, emma garynjalaryň hasaplap bilýänini bolsa ýaňy-ýakynda bildiler. Barlaglar(экспериментов) edilen mahaly, gözleýji-garynja(разведчик) barlag-labirintde iýmit tapan wagty, şol iýmit baradaky maglumaty öz egindeşlerine iberýär, ol bolmaşynada labirint näçe kyn-çylşyrymly boldugyça, şonçada köp maglumat iberdi. Netijede beýleki garynjalar, gözleýji-garynjaň görkezen ýerine bardylar. Alymlary "eger gözleg-garynjanyň feramon yzyny pozsaň onda başga garynjalar näderlerkä?" diýen sorag gyzyklandyrdy. Görülip otyrylsa hatda feramonly yz pozulanyndan soň hem başga garynjalar iýmitiň bar ýerine ylgadylar(labirint ys geçirenok, iýmit labirintde görünenok). Bu diňe birzady, ýagny gözleg-garynja egindeşlerine iýmitiň nirdedigini aýtman, eýsem "nirde näçe öwrümleriň barlygyny, nirelerden nädip öwrülmelidigini" aýdýar. A beýleki garynjalar bolsa aýdylan zatlary ýatda saklap, üste-üstüne şol öwrümleri hasaplabam bilýärler.
194. Gurbagalar ýuwdunan mahaly çeýnäp ýa-da dillerini ulanyp bilenoklar. Onuň ýerine, ýörüte myşsalar arkaly gözlerini içlerine çekip iýmiti aşgazana ugradýarlar. Ine şu sebäpli iýmitlenen wagtlary gözlerini güýçli ýumýarlar. Köplenç olar aşgazanlaryny agyzlaryndan daşyna çykaryp elleri bilen arassalaýarlar. Belki şu sebäplidir, ertekidäki şazadalaryň gurbagalara deňelmegi.
195. Ýapon Sumoçylarynyň çaga agladyşlary baradaha belläp geçipdik. Şuňa meňzeş milli-däpler başga ýerlerdede duş gelýär. Hindistanda ýaňy dogulan bäbegi, hramyň(hindileriň çokunýan ymaraty, binasy) üçeginden(depesinden) aşak, açyk duran tente(uly mata bölegi) oklamak milli däp-dessurdur. Bu adat(ритуал) bala-çagalara hökman bagt we şowluluk getirer diýip ynanýarlar. Beýikligi hem gorkuly: Maharaştra ştatynyň Musti obasynda bolsa, balalary 5-nji etaždan zyňýarlar.
196. Halan bolsaňyz lik dislike не забудьте understand?!