asking
12.05.2024 15:01
📍Ak mermerli Aşgabat.2013-nji yylyň 25-nji mayynda paytagtymyz Aşgabat dünyade in yokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şaheri hökmunde Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alyndy.Munuň ozi Aşgabadyň dünyaniň owadan şaherleriniň hatarynda oz ornuny pugtalandyryandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

📍Olimpiya stadionyndaky atyň şekili
2017-nji yylda Aşgabat şaherinin Olimpiya stadionyndaky atyň şekili Ginnesin rekordlar kitabyna girizildi.Bu degisli şhadatnama bilen tassyklanyldy we ol dünyade Olimpiya stadionyny bezeyan atyň iň uly binagarcilik sekilidir.
Ginnesin rekordlar kitabyna girizilmezden ozal geçirilen olceglere göra,atyň monumental şeklinin beyikligi 40.06 metr, uzynlygy -37,69 metr we ini -49,24 metr.

📍2012-nji yylyň 28-nji sentyabrynda gözel paytagtymyz Aşgabatda yene-de bir ajayyp desga –"Bagt kosgi" ady agzalan kitabyň sahypalaryny bezedi. Dört tarapyndan Oğuzhanyň sekizbucly yyldyzyny yatladyan gurluşlar bilen aylanan, Yer görnusindaki togalagyn diametri 32metr bolup, onuñ dasky örtgusi ucin iň yokary derejede yagtyny serpikdiryan yörite yylmanak metal plastinalar ulanyldy.8 sany esasy girelgeden, yerzemini bilen 10 gatdan ybarat bolan binada 500 orunlyk iki sany toy zaly we 1000 orunluk toy zaly,durli maksatlar ucin niyetlenen dukanlar we işgarler ucin otaglar bar.

📍Olimpiya şaherjiginiň suw sport toplumy
2017-nji yylda Aşgabatdaky Olimpiya şaherjiginiň suw sport toplumy Ginnesin rekordlar kitabyna girizildi.Bu degisli shadatnama bilen tassyklanyldy we ol dünyade iň uly yapyk görnusli suwda yüzmek basseynidir.
Suw sport toplumy 5 müñ tomaşacy ucin niyetlenendir.Onuň çaginde yaryslary geçirmek we türgenleri tayyarlamak ucin niyetlenen dürli ululykdaky 4 sany basseyin bar.Geçirilen olceglere göra, toplumda basseynleriň umumy meydany 4 müň 976,65 bolup duryar.

📍"Älem" medeni-dync alyş merkezi
Arcabil şayolunyň ugrundaky "Älem" medeni-dynç alys merkezi Aşgabatlylaryn we paytagtyň myhmanlarynyn howes bilen dync alyp,göwun acyan kunjeklerinin biridir.Dasy Oguzhanyn altyn ýyldyzy we bäş sany göl bilen gurşalan türkmen zergarcilik sungatynyn gadymy nusgalarynyn biri bolan gulyakanyň görnuşi uzaklardan ünsuni özüne cekyar.Beyikligi 95 metre yetyan bu äpet bina basgancakly piramida çalymdaş bolup,onun ustundaki syn ediş çarhynyň diametri 57 metrden ybaratdyr.Alty orunlyk oyjagazlarynyn 24-sini özünde jemleyan äpet synlaýys aylawly bu merkezin esasy binagarlik suňňuni emele getiryar.Tasin görnüsli bu bina dünyade iñ uly aylanyan synlaýyş aýlawy hokmunde hasaba alnyp, 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi barha gözel kesbe girýan paytagtymyzyñ gutlusyk-binagarcilik işlerinin dünýa nusgalyk häsiyete eyedigini görkezdi.

tdbgi.edu.tm
26
61
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.