awadan
12.05.2024 10:01

Aýrylyşmak
Türkmençilikde öňler aýrylşmak diýlen de ýada aýrylşjak diýseň aýyplanardy.
İndi beýle zatlar galdymy? Ýokla nirede ol günler diýeniňizi eşiden ýaly.

Näme üçindir intagem dogrysyny aýtsam düşünip bilemok emma oglan gyzlar häzirki wagtda hem ýaşajyk wagtlary öýleni kellesiniň gyzgynyna eden işini puşman bolup maşgalasyny pozmak aýrylşmak bilen boluberýärler galyberse de indi onyň ýaly meseleler halk arasynda hem aýbyny ýitirip başlady. Dogry düşünşip bilýan däldir ýada eklenji ýokdyr yada urulyp sögülýändir aýrylşsyn olara sözümüz bolmazam emma belki sizem meniň duş gelenlerime duş gelip eşidensiňiz. 17 18 ýaşda öýlenip soň bula bolonok diýip aýrylşýanam bar, pul üçin toý edip soň gyzyllary puly alansoň aýrylşýanlar hem bar, Men iş etmek üçin gelin bolmadym oň üçin toý etmedim diýip gaýyn tarapy bilen oňuşman aýrylşýanambar, çagasy bolonok diýip aýrylşýanlaram bar, toý etdi adyny almak üçin toý edip aýrylşýanlaram bar. Şularyň hemmesine duş gelip haýran galyp diňlap gördüm wakalaryny.

Eýsem bizde Türkmençilikde toý etmegem aňsat däl ummasyz pullar çykdaýjylar bergiler bilen toý edilip oňuşmadym diýip aýrylşmak gör nähili erbet. Men maşgalalaryň has roly uly diýip pikir etýarin. Sebabi ene atadan soralýar iň soňky söz. Ondan başgada bizde ýaşlarymyz ady tanalan aýdymçylarymyzdan geýinmani gezmani özlerine mysal edip alyşlary ýaly olaryň durmuşynda eden işleri hem ýaşlaryň kabirine mysal bolýar diýip pikir etýarin. Meselem ady belli aýdymçymyz Azat Dönmez 4 gezek öýlenip aýrylşypdyr.

Biderek zatlar üçin maşgala gurmalyň ýaşlar etýan işiňizi ýedi ölçap bir kesiň oýun dal bul zatlar aljak gyzyňy hem barjak ýigidiňi hem öňünden tanap oňuşup biljegiňe göz ýetirip baryň. Söýgü birgün gutarar emma bir biriňe hormatyn bolsa bal durmyşda ýaşap söýgüň hem hormatly söýga öwrüler.

Durmuş diňe toý etmekden çagaň bolmagyndan ybarat däl bu durmuşa geleňson nämaler etýän çagaňa başgalaryna nähili göreldeli bolýaň nähili peýdaly raýat bolýaň şularu pikir edip ýaşaň. Söýüp söýlüp ýaşaň hormatyňyzy hiç ýitirmäň.
31
140
perijik
10 Iýun 2024
👍👍
ideallider
12 May 2024
Hamala ýaşlar garry bolmajakýaly👍
gurbanspr
12 May 2024
Goldanyňyza minnetdar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.