suray94
12.05.2024 00:30
Emma soň, başga bir gün uly dogany inisine: «A-how. dogan, görýän weli, seniň bedeniň gowşap, ysgyndan gaçyp, ýüzüňem saralypdyr-la?» diýipdir. Şahzaman bolsa oňa: «Doganym, meniň ýürekde derdim bar» diýip jogap beripdir-de, aýalynyň etmişi barada özüniň çekýän derdini oňaaýtmandyr. Onda Şähriýar oňa: «Gel ikimiz awa-şikara gideli, belki, seniň göwnüň açylyp şatlanarsyň» diýýär. Emma Şahzaman göwnemändir, şonuň üçinem onuň dogany awa ýeke gidipdir. Patyşanyň köşgündäki jaýlaryň baga bakan açylýan penjirelerem bar ekeni. Şahzaman şol penjirelerden seredip otyrka, görse, birdenkä köşgüň gapylary açylýar-da, ol ýerden ýigrimi gyrnak bilen ýigrimi gul çykýar. Onuň doganynyň aýalyda şolaryň arasy bilen gelýär eken, özi-de tapylgysyz gözelligi hem zyýadalygy bilen olardan aýyl-saýyl tapawutlanyp duranmyş. Olar suwly howzuň başyna gelipdirler-de, eşiklerini çykaryp, aýal-erkek gatyşyp oturypdyrlar welin, birdenkä patyşanyň aýaly: «Aý, Masud!» diýip gygyrypdyr. Ine, onsoň bir gara (negr) gul aňyrdan gelýär-de, ony garsa gujaklaýar, patyşanyň aýalam ony gujaklaýar. Onsoň gul onuň bilen bile ýatýar, beýleki gul-gyrnaklar hem olara eýerip şeýdýärler, olar öpüşýärler hem guçuşýarlar, sypalaşýarlar hem oýnaşýarlar, tä gün ýaşara golaýlaýança, aýşy-eşretde bolup keýpden çykýarlar. Patyşanyň inisi bu zatlary görenden soň, öz-özüne: «Eger walla, şermisarlyga garanda, meniň başymdaky külpet has ýeňil!» diýip içini gepledipdir, şondan soň onuň gabanjaňlygy-da, gaýgy-gussasy-da aýrylypdyr. «Bu asla meniňkiňem çeni däl!» diýip, öz-özüne göwünlik berip, iýmän-içmän ýörmesini-de bes edipdir. Ondan soň dogany awdan gaýdyp gelipdir, olar saglyk-amanlyk soraşypdyrlar, onsoň Şähriýar patyşa öz dogany Şahzaman patyşanyň ýüzüne seredip görse, onuň gaýgy-gussasy aýrylyp, reňki düzelip, ýüzi gyzarypjyk duranmyş, ozal hiç zat iýmeýän bolsa, indi berenini ýalmap otyrmyş. Şondan soň onuň uly dogany Şahzamana ýüzlenip: «A-how, dogan, ilki göremde seniň ýüzüň saralyp durdy, indi bolsa seniň reňkiň düzelip, ýüzüň gyzarypjyk dur. Saňa näme bolan bolsa aýdyp ber ahyryn» diýipdir. Şahzaman: «Meniň gam-gussa düşmegimiň sebäbi hakynda diýseň, men ol barada saňa aýdyp bereýin, emma reňkimiň ýerine gelip, ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini aýtmakdan weli meni halas et» diýip jogap beripdir. Onda Şähriýar: «Ilki bilen sen görküň üýtgäp, haldan düşeniň sebäbini aýdyp ber, menem eşideýin» diýipdir. «Biler bolsaň, doganym —diýip, Şahzaman gürrüň bermäge başlapdyr: —Sen öz weziriňi meniň yzymdan iberen wagtyňda, men ýol şaýymy tutup, eýýäm şäherdenem çykyp ugrapdym weli, özümiň saňa sowgat getirmekçi bolan göwherimi ýadymdan çykaryp, köşkde galdyranym ýadyma düşäýdi. Onsoň men şol göwheri almak üçin, köşgüme dolanyp baramda, öz aýalymyň gara (negr) gul bilen düşegimde bile ýatanyny gördüm-de, olary öldürdim, onsoň şonuň pikirini ede-ede seniň ýanyňa geldim. Ynha, meniň görkümiň üýtgemeginiň hem haldan düşmegimiň sebäbi; meniň reňkimiň düzelip, ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini welin sen sorama, menem aýtmaýyn». Emma inisiniň bu sözüni eşiden Şähriýar patyşa: «Allanyň haky üçin, eger walla, näme üçin ganyň ýüzüňe çykanyny aýdyp ber!» diýip özelenipdir. Ine, onsoň Şahzaman özüniň gören zatlarynyň hemmesini oňa gürrüň beripdir. Ol wagt Şähriýar öz dogany Şahzamana ýüzlenip: «Muny öz gözüm bilen görmek isleýärin!» diýipdir.
18
90
suray94
13 May 2024
Ok
ayymsha
13 May 2024
@suray94, way elim degdi-dä bagyşlaň!
suray94
13 May 2024
@ayymsha, hawa
ayymsha
13 May 2024
Men basdymmy şu wagt dislike? @suray94,
ayymsha
13 May 2024
@suray94, bolýa
suray94
13 May 2024
@ayymsha, goydum su wagt hazir acylar
ayymsha
13 May 2024
@suray94, wii bolýa...kabul bolsun!
suray94
13 May 2024
@ayymsha, Goyjak su wagt Parawbibiden geldim
ayymsha
13 May 2024
Dowamyny goýaňzokmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.