smiling_
11.05.2024 20:41
Fransiýaly çörekçiler dünýäde iñ uzyn bageti taýýarlap, Italiýanyñ rekordyny täzelediler.

Soñky bäş ýylda dünýäde iñ uzyn baget boýunça rekord 2019-njy ýylda tas 133 metr uzynlykda baget taýýarlan Italiýaly çörekçilere degişlidi. Ýöne 5-nji maýda Fransiýaly çörekçileriñ topary 140.53 metr uzynlykda çörek önümini taýýarlap, täze dünýä rekordy bilen Italiýadan öñe geçdi. Rekord Fransiýanyñ çörekçiler we konditerler konfederasiýasy tarapyndan gurulan çärede goýuldy diýip, The Guardian habar berýär.
Çörekçiler 132.62 metr bolan rekordy täzelemek üçin ir sagat 3-de işläp başladylar. Takmynan, 14 sagatdan soñ olaryñ zähmeti üstünlikli diýlip hasaplandy. Sagat 16:40 çenli baget dünyäde iñ uzyn baget diýlip ykrar edildi: onuñ uzynlygy 140,53 metr. Adaty Fransuz bagetiniñ uzynlygy, takmynan 60 sm bolup, ol bugdaý ununyñ, suwuñ, duzuñ we hamyrmaýanyñ goşulmagynda taýýarlanmaly we agramy 250 gram bolmaly.
Galyñlygy tutuş uzynlygyna azyndan 5 sm bolmaly bageti bişirmek üçin sekiz sagat töweregi wagt gider diýlip çaklanypdy. Rekord uzynlykdaky bagete 90 kg un, 60 litr suw, 1,2 kg duz we 1,2 kg hamyrmaýa sarp edildi. Soñra ol ýörite gurlan haýal hereket edýän pendent bişirildi. Baget köpçülige, şeýle-de Sýuren köçesinde ýaşaýan adamlara paýlanyldy. Ýere gelende bellesek, Fransiýada her sekuntda 320-ä golaý baget satylýar diýlip hasaplanylýar, ýöne bu beýleki ýurtlara dünyäde iñ uzyn baget ady ugrunda bäsleşmäge päsgel bermedi.



Çeşme: tmcars.info (09.05.2024)
49
94
5454
12 May 2024
@smiling_, 😊
5454
12 May 2024
@smiling_, suratdaky iki sany gyz eyyam gozi bn iyip baryara olar😆
5454
12 May 2024
@smiling_uzynrak bolsa menem iyayjekdim,manada yeterdi🙃
5454
12 May 2024
@smiling_, к сожалению😔
5454
12 May 2024
Indike rekordy ýene tazelemez ýaly 200m edaymeli eken
stella_🖤
12 May 2024
Trend bolupsyňa gyz gutlyş 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.