smiling_
11.05.2024 16:08
iPhone 15 Pro Max - iñ köp satylýan smartfon, Samsung Galaxy S24 Ultra - Android - leriñ arasynda lider.

Counterpoint Research-yñ hasabatyna görä, Apple we Samsung kompaniýalarynyñ önümleri dünýäniñ smartfon bazarynda agalygyny dowam etdirýärler. Olar 2024-nji ýylyñ birinji çärýeginde iñ köp satylan smartfonlaryñ sanawynda on ornuñ ählisini eýelediler diýip, ixbt.com ýazýar.
Şeýlelik-de, reýtingde ilkinji dört orny Apple-iñ smartfonlary eýeledi. Sanawyñ başynda iPhone 15 Pro Max ýerleşdi (4,4% paý bilen), onuñ yzyndan iPhone 15 (4,3%) we iPhone 15 Pro (3,7%) gelýär. Dördünji orunda iPhone 14 modeli bar (1,9%). iPhone 15 Plus modeli 1,3% bilen sekizinji orny eýeledi. iPhone Pro hatarynyñ meşhurlygy onuñ paýyna birinji çärýekde Apple satuwynyñ ýarysynyñ düşýändigi bilen tassyklanýar. Samsung Galaxy S24 Ultra flagmany umumy reýtingde bäşinji orny eýelemek bilen, iñ köp satylan Android smartfony boldy. Bazarda bu modeliñ paýy 1,9% - e deñ. Gözleg ulanyjylaryñ premial segmentinden smartfonlary has makul hasaplaýandyklaryny tassyklaýar: iñ köp satylan on modeliñ ýedisiniñ bahasy 600 dollar we ondan hem ýokarydyr.


Çeşme: tmcars.info (09.05.2024)
41
52
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.