DÜNÝÄDE SOÑKY TÄZELİKLER
Hytaýda är-aýal zibilhana taşlanan kürsüden pul tapdy
Hytaýda är-aýal zibilhana taşlanan kürsüden pul tapdylar, olar kürsüni arassalaýarkalar, onuň içinden köp mukdarda puluň üstünden bardylar diýip, «The Thaiger» neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.
Olar zibilhanada oňat saklanan kürsüniň üstünden bardylar, ony myhman otagda goýmak üçin öýlerine alyp geldiler. Öýüň bikesi ony arassalaýarka, gizlenip goýlan köp puluň üstünden bardy. Zenan bu barada adamsyna aýtdy, olar munça puly näme etmeli, polisiýa habar bermelimi ýa-da kürsüniň öňki eýesini gözlemelimi diýen sowalyň üstünde kän pikir etdiler. Ahyry onuň eýesini tapmaly diýen netijä geldiler.
Är-aýal kürsüni zibilhana taşlan pensioner aýaly tapdylar. Görlüp oturylsa, onuň merhum adamsy geljekde maşgalam pula mätäçlik çekmesin diýip, pul süýşürip, kürsüde gizläpdir.
Puly garry enä gaýdyp beren är-aýal onuň hoşallyk bildirip teklip eden pul sylagyndan hem ýüz öwürdiler. Är-aýalyň aýtmagyna görä, olar üçin täze tanyşlarynyň ak ýürekden aýdan minnetdarlyk sözlerinden gowy sylag ýok diýlip, habarda bellenýär.
ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy
Rowaýaty boksçy Muhammet Alynyň ýaşan öýi ABŞ-da satuwa çykaryldy. Giň mülk ýer Los-Anjelesiň Henkok-park etrabynda ýerleşýär.
Ol ýerde boksçy 1979-1984-nji ýyllarda ýaşapdyr. Öý bir müň inedördül metr töweregi ýeri eýeläp, 60 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň içi italýan mermeri, fransuz hrustaly we aýna witražlar bilen haşamlanypdyr.
Muhammet Alynyň öýüne öň Golliwudyň ýyldyzlary, şol sanda Silwester Stallone, Klint Istwud dagylar baryp görüpdir.
Öýüň onlaýn-söwdasy 26-njy aprelde başlandy, 15-nji maýda tamamlanar. Başlangyç baha 13,5 million dollar diýip, «The New York Post» gazetine salgylanýan «MIR 24» habar berýär
Eýranda «balykly ýagyş» ýagdy
Eýranyň Ýasuj şäherinde «balykly ýagyş» ýagdy. Adatdan daşary tebigy hadysanyň wideogörnüşleri sosial ulgamlarda ýerleşdirildi diýip, «MIR 24» habar berýär.
Görnüşlerde balyklaryň ýola gaçyp, hereket edýän awtoulaglaryň arasynda urnup ýatandygy görünýär. Wideony ýerleşdirenler adaty bolmadyk hadysa golaýda suw howdanynda bolan harasadyň sebäp bolandygyny gürrüň berýärler, netijede, harasat balyklary birnäçe kilometre zyňypdyr.
Malaýziýa hyzmatdaş ýurtlara orangutan sowgat bermegi meýilleşdirýär
Malaýziýa palma ýagyny satyn alýan hyzmatdaş ýurtlara orangutan maýmynlaryny sowgat berer. Başlangyç hytaý panda-diplomatiýasyna meňzeşlikde «orangutan diplomatiýasy» diýlip atlandyrylýar diýip, «Iz.ru» ýazýar. Bu barada ýurduň çig mal harytlar ministri Johanri Abdul Gani sosial ulgamda habar berdi.
«Orangutan diplomatiýasy bütin dünýä Malaýziýanyň hemişe biodürlüligi goramagyň tarapdarydygyny görkezer» diýip, ministr ýazdy.
Gani ýitip ýok bolmak howpy abanýan orangutan maýmynlarynyň Malaýziýadan palma ýagyny satyn alýan ýurtlara sowgat beriljekdigini nygtady. Gürrüň şol sanda Hindistan we Ýewropa Bileleşigi barada barýar.
Orangutanlara ýok bolmak howpy abanýar, olar palma ýagynyň alynýan ekin meýdanlarynyň giňelmegi we degişli infrastrukturanyň ösmegi bilen baglylykda, öz ýaşaýan çäklerini ýitirýärler.