smiling_
10.05.2024 22:03
Ýaponiýada diş ösdürýän derman synagdan geçirdiler.

Üstümizdäki ýylyñ güýzünde Ýaponiýada gipodontaniýany - dişleriñ dogabitdi ýoklugyny bejermek üçin döredilen täze dermanyñ kliniki synaglary başlar. TASS - yñ habar bermegine görä, Kitanonyñ Lukmançylyk gözlegleri institunyñ (Osaka) we Kioto uniwersitetiniñ eýeçiligindäki wençura kompaniýasynyñ hünärmenleri tarapyndan bilelikde döredilen bu derman dişleriñ şinelemegine täsir edip, olaryñ et ýaryp çykmagyna we ösmegine itergi berýär. Dermany döredijiler gipodontiýa keseli bolan adamlara dişiniñ ýok ýerinde täze dişleri ösdürmäge mümkinçilik berer diýip umyt edýärler. Derman dişleriñ ösmegine päsgel berýän beloklaryñ hereketini basyp, şineleriñ ösmegine we et ýaryp çykmagyna mümkinçilik berer diýip çak edýärler.
2018-nji ýylda alymlar şuña meñzeş usuly ulanyp, syçanlarda we garynjalarda diş ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Eger adamlarda geçirilen kliniki synaglar üstünlikli bolsa, derman stomatologiýada hakyky üstünlik bolup biler we gipodontiýadan ejir çekýän millionlarça adam täze umyt berer. Synag gutarandan alty ýyl soñ dermany amaly ulanmak mümkin bolar diýlip garaşylýar.




Çeşme: tmcars.info (08.05.2024)
45
76
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.