milana
10.05.2024 11:59


5.bölüm
Ejesiniň heniz aýtmandygyna düşündi. Özüni Sülgünlerden gelýän ýaly görkezmek üçin ýüzüne zor bilen ýylgyryşy çagyryp, rahat jogap bermäge synanyşdy:
 - Hawa, kaka. Sülgüniň ejesi keşde üçin täze nagyşlaryň çyzgysyny getiripdir. Men hem çyzgylary nusgalaýyn diýip gidäýipdim.
 -diýip kellesine ilki gelen ýalanyny aýdyp goýberdi.
 - Hany onda keşdeler çyzylan nusga görünenokla? Ýa Eneş gelin bermedimi?
 Serwi elewredi, boş ellerine seredenini duýman galdy. Zor bilen getirilen ýylgyryş ýüzünden zym-zyýat boldy. Indi näme jogap bersemkäm diýip beýnisine agram saldy. Kakasynyň yüzüne seretdi, kakasy agras ýüzüni bozman Serwiden jogaba garaşyp duranyny görüp derrewem gözlerini kakasyndan aýyrdy-da, ýere bakdy. Eden işine ökünýan günäliniň ýere ýüzüni salyp duruşy ýaly Serwi hem ýerden gözlerini üzmän diline ilki gelen bahanasyny aýdyp göýberdi:
 - Wiý, neme, kaka... Eneş gelnejem ertir geläý diýdi. Buwagt keşde göçürip alar wagtdan gaty giç boldy ahyry, kaka.
 Serwiniň kakasy göwnüni bölmän, onuň sözlerine ynandy.
 - Hä, hawa, gyzym. Dogry aýdypdyr. Sen olarda köp eglenipsiňle. Ýagmyr goňşynyň maşgalasam "uky" diýse jany ýoklardan. Iliň öýüni agşam ara eýeläp oturmak hem gowy däl, gyzym. Indiki gezek irräjik gidip gelgin. Ýogsa-da ýeke özüň gitmegin, ýanyňa Akgözelem al.
 Serwi kakasy gürläp bolýança dymyp durdy. Kakasy ýüzi-gözüne üns bermeginden heder edip kellesini has hem aşak egip durdy. Ýüzi we gözleri çişipdi. Onuň tizräk öz otagyna giresi gelýärdi. Bagryny düşege berip ýassygy bilen dertleşesi gelýärdi. Kellesi sorkuldap agyrýardy.
 - Serwijan, düşündiňmi gyzym?
 Kakasynyň bu sözleri ony yzadan aýňalmaga mejbur etdi. Serwi kellesini galdyrman, diňleýänini bildirmek maksady bilen baş atdy. Gözlerini ýerden üzenokdy. Kakasy hem gyzynyň beýle dymyp durşundan nämedir bir zatlaryň bolanyny duýýan ýaly gyzyna sorag baryny ýagdyryp başlady.
 - Serwijan, sen tukat görünýäňle. Saňa näme boldy? Ýa Sülgün bilen sözüňiz azaşdymy? Ýüzüň hem soluk. Ýa özüňi ýarawsyz duýýarmyň?
 Ol Serwini ilkinji gezek beýle ýagdaýda görýärdi. Öňler kakasy Serwä ýüzlenende ýylgyryş bilen jogap bererdi. Her sözünde "kakajan" diýip mähir goşup geplemesini kem etmezdi. Serwi ýene kakasyny aldamaga mejbur bolýanyna içinden müň kerem ötünç sorady:
 - Bu gün işde gaty ýadapdyryn. Kelläm agyrýar.
 - Meniň dermanlarymyň arasynda agyryny aýyryjy derman bardyr. Ady nämedäý şonuň. Häk, içi gara galmyş, hakkyt dermanlaryň ady ýadymda duranokda. Garrylyk gursun. Gyzymjan, sen özüň menden gowy düşünýärsiňä! Şondan birjigini atda, ýeriňe geç. Ýa Akgözeli çagyryp çaý demledeýinmi?
 Kakasynyň öz aladasyny etýänini görüp Serwiniň gözlerine ýaş tegelendi. Özüni kakasynyň gujagyna atyp, aglasy gelýärdi. Emma ulugyzlyk duýgusy ony çekindirmäge mejbur etýärdi. Çaga wagty kakasynyň saçlaryny darap, örüp berişini küýsedi. Edil şu wagt çagalygyna dolanasy geldi. "Gör nähili ajaýyp döwürler eken" diýip içini hümletdi.
 - Ýok, kakajan. Özüm demlenerin. Sen alada etme. Ýönekeý bir kelle agyrysydyrda. Geçer gider.
 Gyzyndan şol öňküje mähirli sözüni eşidip Serwiniň kakasy rahatlady. Ýöne nämedir bolsa-da bir zatlar gyzyny biynjalyk etýändigini duýýardy. Aýdasy gelýän daldir diýip pikir etdi.
 - Bolýa, gyzym. Derman atmagy unutmagyn.
 Serwi ädiklerini synlap durşuna sesini çykarman baş atdy-da otagyna tarap ýol aldy.
Okyjylara: Harp ýalňyşlykaryna üns beren halatyňyzda teswirde belläp geçmegiňizi haýyş edýärin.
~Milana

33
133
Deyzi_
12 May 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.