goshguchy
09.05.2024 15:06
Biziň bu asuda asman astynda
Ýaşamagmyz üçin söýüp eşredi
Türkmen gerçekleri dökdüler ganyn
Nemeslerden gaçyp,gyra geçmedi

Türkmen zenanlarnyň saklan namysyn
Ýere çalman ýene saklamak üçin
Mährem enesiniň beren süýdüni,
Watana söýgüsin haklamak üçin

Söweşdiler,ýetim galdy çagalar
Geljek nesil ýesir bolmasyn diýip
"Abraý bilen göge ýeten pederler"
Beýik başlaryny egmesin diýip

Ana,biz şolaryň gaýraty bilen
Gijeler uklaýas gaýgysyz-gamsyz
9njy maýy gutlap ýürekden,
Şahyr, şehitlere şygyrlar ýazsyn

Bu beýik ýeňişe göwün şatlarys
Tä ölünçäk gerçekleri ýatlarys

Göwher Şyhberdiýewa
19
33
sabyrly
10 May 2024
Üstünlik
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.