IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 18 part 2.
186. Eger ruletkadaky(kazinolarda oýnalynýan oýundaky tegelek aýlawy) ähli sanlary goşup hasaplasak onda 666 çykar. 666 şeýtanyň sany.
187. King Kem Žillet, aslynda howpsuz sakal-murt syrylýan gurallary oýlap tapan adam däl, emma ol gymmat bolmadyk polatdan lezwini(tyg) köpçülikleýin çykarmagyň ugryny tapýar. Öndürilen lezwileri, söwda-satyk maksatlary sebäpli(reklama etmek üçin) mugt paýlanylmagy hem firmanyň esasy ösüşleriniň sebäpkäri bolýar. 1910-njy ýylda Žillet öz kompaniýasyna, A.B Ş.-nyň öňki prezidenti Teador Ruzwelta, ynanyp bolmajak 1 milion $ aýlykly(зарплата) prezidenti bolmagyny teklip edýär. Emma Ruzwelt "britwa satyp özü hem murtly gezýän adama ynanamok" diýip ylalaşmaýar.
188. Hindistanda, Tailandda, Nepalda we başgada köp Aziýa döwletlerinde, çaganyň kellesinden sypalamak edepsizlik hasaplanylýar hem-de çaganyň kellesine degmek düýbünden gadagan. Kelle bedeniň mukaddes bölegi hasaplanylýar we degmäge diňe çaganyň eje-kakasyna hem monahlara rugsat edilen.
189. Gündogar Aziýa ýurtlary, ýagny Afrikada we Okeanidada, hökmürowanalygyň nyşany we döwlet tugralary "siňekleri urup öldürilýän gural(Мухобойка, хлопушка)" diýilip hasap edilýär. Taýlandda bu muhoboýkanyň sapy piliň süňkünden, gyllary bolsa ak piliň gylyndan(pilleriň ýekeje ýerinde gyl bar. Ol hem guýrugynda) ýasalýar. Muhoboýkanyň suraty Amerikan-Samoalarynyň döwlet gerblerinde şekillendirilendir.
189. Aldawçy-hilegärlikde(мошенник) we pyrryldakçylykda(аферист) ýokary ady alan hem Pariždäki Eýfel minarasyny iki gezek "satan" adam diýilip Wiktor Lýustig hasaplanylýar. 1925-nji ýylda Lýustig, döwlet resminamalary galplaşdyryp we "döwlet minaradan dynjak bolýar, aslynda bu minara 1909-njy ýylda ýumrulmalydy" diýip birnäçe demir-söwdägärilerini, biznessmenleri ynandyrýar. Şunlukda bir iş-ýörediji Andre Puasson çeňňege düşüp gaty köp pul töleýär. Puasson döwletiň we işleriniň has beter bulaşmalaryndan gorkup hatda polisiýada aýtmaýar. Bir näçe wagtdan soň Lýustig minarany ýene satýar. Emma bu gezek aldawlarynyň üsti açylýar. Suddan gaçyp Lýustig A.B.Ş.-a göçüp gidýär. Şol ýerde ol Al Kaponanayň hut özüni hem samsyk ýagdaýa salýar. Şunlukda ol ahyry aldawçylygy we pyrryldaklary üçin 20 ýyl gözenege salynýar(türmä basylýar) hem ömrüniň ahyryna çenli Alkatrassda oturup geçirýär.
190. 300 arynyň birlikde çakmagy-ýylan awysyna deňdir. Ary awysyna allergiýasy bolan adamyň ölümi üçin bary ýogy ýekeje aryhem ýetik.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.