ESGER HAKDAKY HAKYKAT
Öňler umyt bilen ýeli hüwdüläp,
Bugdaý pellerinde enem işlärdi.
Üns berilmän giden Gün deý öýkeläp,
Mensiz günleň gapysynda düşlärdi.
Men onuň gözlerde ýaşadyp ýören,
Buşluk habarlardan agtarýanydym,
Onuň hemmelere bagş edip ýören,
Söýgüsiniň ýalňyz arkadagydym.
Watan üçin söýgim baýdak edinip,
Men oňa enemiň yhlasyn berdim,
Şol söýgüden oba bilmedim gelip,
Şol söýgim artdyrdy enemiň derdin.
Ýok, ölüp gitmedim urşuň içinde,
Men enemiň gözýaşynda ýaşadym.
“Watan” diýdim, gökden ýyldyz gaçanda,
Sebäp, söýgüsidim size bagş eden.
Toprak sorup aldy juda köpleri,
Olaryň yzynda galdy dowamat,
Men-taryh döreden urşuň esgeri
Men bir ýaşap ýören janly rowaýat.
Beýik Ýeñişe 79 ýyl....