milana
09.05.2024 10:19

4.bölüm
Bagyşla, Serwim!
Soltan bu wagt Serwiniň sessiz aglaýanyny bilip durdy. Onuň hem gyza goşyp aglasy gelýärdi, sesi sandyrap, ýuwaşlyk bilen çykýardy. Serwi özüne gelip, nämeleriň bolup geçenini hakydasyna getirdi, kellesi gaty agyrýardy, yzly-yzyna çalynan şarpyklardan ýaňa ýüzi awuşaýardy, ýaňaklary laplap gyzýardy. Soltanyň ellirini bir gyra aýyrdy. Indi söýen ýaryndan aýra düşmeli boljagyny iç-içinden duýup durdy. Kelam-agyz söz diýmän zorluk bilen aýaklaryna galdy. Üst-başyny kakyşdyryp, köýnegini düzedişdirdi, gözünden boýur-boýur ýaşlar akýardy. Eplemi bozulan şarfyny aýyryp täzeden boýnuna ykjam edip orady. Soltan sessiz Serwini synlaýardy, dil ýararyna garaşýardy, emma Serwi dymýardy. Gyz zordan aýaga galdy, ýuwaşjadan ýöräp, aýaklaryna diýen etdirmäge synanyşýardy Soltan Serwiniň yzyndan lal-jim bolup seredip durdy, şuwagt onuň gürlemäge ýagdaýynyň ýokdugyna düşündi. Uzagrak gidenson, yzyndan ol hem ýuwaşlyk bilen ýörap başlady, gyz ýolda huşuny ýitirer, ýa-da garaňkyda bir bela duçar bolar pikirinden gorkup öýlerine çenli yzarlap gitmegi ýüregine düwdi. Serwi Soltanyň özüni ätiýaçdan yzarlap gelýänini, bu ýagdaýda özüni ýeke goýmajagyny bilýärdi. Öýe baranda nämeleriň boljagyny özüçe çak edýärdi, eger gyzynyň synpdaş oglan bilen gizlin göwün berişeni kakasyna ýetip baraýsa mesele ula gitjekdi. Serwi bu wagt kakasynyň gözüne beýle ýagdaýda görünmekden heder etdi. Öýe girende oňa gabat gelmezlik üçin dileg etdi. Kakasy gyzynyň bu ýagdaýyny görse näme bolanyny soraman goýmazdy. Serwi kaşaň derwezäniň gapysynyň gulplanmandygyny gördi. Ejesiniň özüne garaşanyny bildi. Gapynyň tutawajyny gaýym gysdy. Ony açmazdan ozal bir pursat saklanyp, yzyna seretdi. Uzagrakda köçä haýsam bolsa öýleriň birinden düşýän öçügsi yşygyň aşagynda hereketsiz duran göwräni saýgardy. Ejesiniň soňky diýen sözleri gulagynda ýaňlandy. Soňra Soltanyň "Men seniň ýanyňda" diýen zaryn sözleri kellesinde aýlandy. Ine edil şuwagt Serwiniň öňünde iki sany ýol durdy. Ýa maşgalasyny, ýa-da öz söýgüsini saýlamalydy. Eger häzir gapydan girse yza ýol ýokdugyny Serwi hem Soltan hem duýýardy. Soltan uzakdan durup Serwiniň kararyna garaşýardy. Olar uzak wagt biri-birine seredişip durdylar. Serwiniň aňynda eger öýünden baş alyp, Soltan bilen gidäýse ejesi bilen kakasynyň dik başlaryny egip gitjegini bilýärdi. Has hem hassa kakasy bu masgaraçylygy göterip biljek däldi. Öýüň içinde boljak wakalar Serwiniň gözüniň öňünde kinonyň lentasy ýaly yzly-yzyna hatar guramaga başlady. Lentanyň soňy kakasynyň özi sebäpli ölüm ýassygyna baş goýup biljek bölümine ýetende, ol ukudan tisginip oýanan ýaly boldy. Tereziniň "maşgala" atly uly we abraýdan doly tarapy agyr geldi. Serwi hiç zady pikir etmän gapyny batly açyp, içerik girdi. Girip gapyny berk gulplady. Iç-içinden Soltana ýüregi gyýyldy, ondan müň kerem ötünç sorady. Ýüregi agralyp, edil aşak gaçaýjak ýalydy. Onýança sary, bişen kerpiçden gurulan ymarat yaly öýüň gapysy açyldy. Ýuwaşlyk bilen moýmuldap gelýän agyr göwre gapydan daşaryk aýagyny ätdi. Serwi kakasynyň henizem ýatmandygyny görüp ejesi oňa çawuş kakandyr diýip, öz ýanyndan pikir etdi. Kakasy Serwiniň geýnüwli duranyny görüp oňa adatdakysy ýaly ýüzlendi:
-Serwi boýlym, nireden gelýärsiň? Sagatdan habaryň barmy? Näm üçin sen henizem ýeriňde däl? Ýene Sülgünlere gitdiňmi?
Serwiniň agzyndan çykaýjak bolup duran ýüregi ýerine geldi. Näme diýip jogap berjegini bilmän ikilenip durka, edil kakasynyň öz agzy bilen Sülgünleri agzamagy oňa çykalga tapyp beren ýaly boldy. Bir ýandan kakasynyň hiç zatdan habary ýokdugyny aňdy. Ejesiniň heniz aýtmandygyna düşündi. Özüni Sülgünlerden gelýän ýaly görkezmek üçin ýüzüne zor bilen ýylgyryşy çagyryp, rahat jogap bermäge synanyşdy.Okyjylara: Harp ýalňyşlykaryna üns beren halatyňyzda teswirde belläp geçmegiňizi haýyş edýärin.
~Milana
~Milana
26
158
milana
9 May 2024
@tmyigit76, nesip dowamynda bilersiňiz🙃
tmyigit76
9 May 2024
@milana, söýýä ýöne gitmegine aňsatjak kaýyl bolaýýa. Söýýän adam çykalga gözlärmikä diýýän. Dowamyna garaşýas
milana
9 May 2024
@tmyigit76, söýgidä 😶
tmyigit76
9 May 2024
Soltan öýündäkileri ugradaýmala. Maşgala duşmançylyk ýok bolsa. Passiw hereket edýä Soltan. Birzatlar edeýin diýenok
milana
9 May 2024
@ayyaly, nesip bolsa ertir hökman yzy geler) 🥰😘
milana
9 May 2024
Hökman, ertir 🥲@indi,
milana
9 May 2024
@ayyaly, bar profila giriň)
alma___
9 May 2024
Dowamyna garaşýan 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.