runia
08.05.2024 20:24
Çaga wagtym, eneme.. Gysym gumy sessiz berip elime, Diýdi:

Balam, bu mukaddes topragyň, Birje gysym altyn gumundan başlap, Dag-düzi, deresi, sährasy bilen, Çeşmedir çaýlary, derýasy bilen, Baglary, ýap-ýaşyl dünýäsi bilen, Gözelligi, çemenzarlygy bilen, Giňligi, käte-de darlygy bilen, Hemme zatda üstün - zorlugy bilen, Ähli ezizligi barlygy bilen, Seň kalbyňa siňen söýgüdir - Watan!

Ýyllar ätlense-de, ýyllaň üstünden, Hergiz Watan hakda oýlanan wagtym, Käbämiň şol aýdan sözlerin ýatlap, Begenýän, Watanda tapanma bagtym.

Gözlermiň göreji, başymyň täji, Bilimiň kuwwaty, bilegmiň güýji, Sünnäläp waspyna süýjüden süýji, Sözler saýlap, wasp edemde ýazlaryn, Men ýene ýatlaýan eziz käbämiň, Şonda, Watan hakda aýdan sözlerin.
21
167
runia
9 Iýun 2024
@Adyl_G, yylgyrdym)
Adyl_G
9 Iýun 2024
Owadan eken. 👍
Adyl_G
8 Iýun 2024
@geldiyevna, duşman bir diymeda... 🌹
runia
8 Iýun 2024
@milaya_mm, hehe ýoklagyz, özi açyklar.
runia
8 Iýun 2024
@milaya_mm, ýok biraz tanadym men
runia
8 Iýun 2024
@Adyl_G, siz köne agzalardan özä..
runia
8 Iýun 2024
@ideallider, minnetdar, sylagyñyz uly ☺️
Adyl_G
8 Iýun 2024
@ideallider, ussunden gulmek dal, ozleri maslahat soraya kilo 107 natsemkam dp, sondan ayytdym guldugum dal. 👍
ideallider
8 Iýun 2024
@Adyl_G, edil gülküden soň aramlyk!
Adyl_G
8 Iýun 2024
@ideallider, maslahat nader, yatmakanyz corek iyman garpyz sezon baslady oziniz garpyza tutyn dp.? 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.