alma___
08.05.2024 18:53
Jemleýji bòlùm.
Hiç kimiñ òine gaýdasy gelenokdy, arasynda maý tapyp, Humaý deň-
duşlaryna yüzlendi.
Men bir tapmaça aýdaýyn. Onuň haýsy şahyryň döredijiligine degişlidigini
bileniň baýragy..
Gumry orňa sözüni soňlatmady:
- Baýragy men beryän.
Oturanlar el çarpyp gülüşdiler.
-Lukmandan paý alsaň, derdiň dep bolar. Humaý, aýt goşgyny.
- Bu goşgy mundan ýedi ýyl ozal ýazyldy. Diňläň, belki onuň awtory size tanyşdyr.

«Başga ýer tapmadyk ýaly hamana,
Gumry guşum uçup barýar dumana.
Gygyrdym: «Niräsen, aýt, gumry guş,
Ah, gaýt, gumry guş gayt, gumry gus».

Humaý goşgyny aýdyp başlanyndan, Gumry oglanlary ýekän-yekän synlady.
Hemranyň ýüzüniň boz-ýaz bolandygyny ýeke Gumry däl, oturanlaryřň hemmesi
aňdy. Gurban gürrüňi çynyrgatdy.
– Walla, men aýdaýyn. Hemra, sen meni bagyşla, ýygralygyňdan ýaña, şunça
ýyllap yşk oduna közsüz köýeniň besdir.
Şu ýaşda yüregiňi açyp bilmeseň, maňa
rugsat ber, men aýdaýyn.
-Sen aýtmanyňda-da, bary düşnükli boldy.
Hemranyň sesini çykarman oturmagy
hemmeleri gyzyklandyrdy.
– Hemra şahyr bolup giden oguşýa.
Gumry, senem indi başga tarapa uçjak
bolma-da, gaýt yzyňa. Size-de toý tutma-
ga çen boldy.
-Şol birmahalky goşgyň yzyny men aýdyp bereýin diýip, Ylýas ýerinden
galdy. Men bu setirleri Hemra bolup
okayan. Mekdebimiziň göreldeli mugallymy bolsa-da, gelin-gyzlara gezek gelende, dili tutulýar munuň.

«Aýlar, günler şemal bolup,
Deñämizden ötdi, dünýäm.
Kesbimizden kemal tapyp,
Başlar göge yetdi, dünýäm.

Gumry guşam ganatlaryn
Yaýyp gitd, açdy ara,
Birmahalky döwri ýatlap,
Yürek-bagrym bolýar para».

Ylýasyň sözüni tamamlaryna mähet-
del, oglanlar Hemrany gabadylar.
- Sen-ä durşuna gömlüp ýatan zehin ekeniň.
Hemranyň henizem ýüzüni galdyryp bilmän oturyşydy.
Ara salym salman, oturanlar turmak bilen
boldular. Hemra-da ýerinden gobsundy. Onuň egninden basan Gurban
«otur> diýip, yşarat etdi. Hemra ýüzüni ýerden galdyryp bilman, kän oturdy. Gumry hemişeki endigine göra, ilki dil ýardy.
- Näme dymmaşak oýnaýasmy?
Hemra zordan dillendi:
- Yok, Gumry. Biziň ýüreklerimiz
sözleşyär, gözlerimiz gözleşýär.
Özüne mähir bilen bakyp duran
Hemranyň gözlerinden syçraýan uçgunlar ýüregine ýetende, Gumrynyň dili
tutuldy. Tüweleý ýaly bolup gelen söýgi
ony durşy bilen gaplap aldy. Gumrynyň
söýgi siline gark bolup barýandygyny
gören Hemranyň dili açyldy.
- Seniň yskyňda saýraýar bu diller,
Gumry guş!
soñy
Ogylsenem Taññyýewa.
24
100
alma___
8 May 2024
Garagym jurnalyndan
PILOT👮‍♂️✈🛩
8 May 2024
👍👍👍
milana
8 May 2024
Ogulsenem Taññyýewañ haýsy kitabyndan bu?
perijik
8 May 2024
👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.