alma___
08.05.2024 10:52
4 bòlùm
Ýaşlyk ýyllar şemal ýaly,
Ýüzüň öper, geçer gider,
Ýöne weli tagmasyna
Diýip bolmaz «öçer gider».

Hemra»,
Ol bu goşgyny ilkinji gezek okan yaly boldy. «Yeri, Hemra nirede, goşgy
nirede diýsene! Bujagaz haty-da belki,
Hemra ýazandyr», Ol beýnisine agram berýän pikirlerden daşlaşmak isleýän ýaly ellerini daldalatdy. Yöne olar bu mahal Gumryny terk ederli däldi. Gumry synpdaş
oglanlaryny ýatlap, hyýalynda olary birin-
birin göz öňüne getirdi. Şeýdip, olaryň haýsysynyň gözünde uçgun bardygyny
saýgarmak isledi. Yöne, barybir, hiç zatdan
baş çykaryp bilmän, uka gitdi.
Gutardyş synaglary dowründe Gumry
önki bälçikligini etse-de, oglanlaryň nazaryny sypdyrmazlyga çalyşýardy. Ol gözlerden özüne nähilidir bir mähir gözleyärdi. Sebäbi söýýän gözleriň garaýşynyň
has başga bolýandygyny onuň yüregi
syzýardy. Onuň bu halyna diňe Hemra düşünýärdi. Ýöne ol Gumra söyýändigini, haty özüniň ýazandygyny aýdyp bilenokdy. Gumryny gördügi, ýygralyk,
çekinjeňlik onuň sussuny basardy-da, gabagyny galdyryp hem bilmezdi.
Soň-soňlar hat Gumrynyñ ýadyndan cykdy. Talyplyk durmuşy, täze deň-
duşlar orta mekdebiňkiden düýpgöter başgady. Şonuň üçinem Gumrynyň bar
ünsi okuwdady. Şeýle aladaly günleriň
birinde yaňy okalgadan gelip, çaý içmäge
hyýallanan Gumrynyň bolýan otagynyń gapysy kakyldy. Deň-duşlarynyň biridir diýip güman eden Gumry oturan ýerin-
den: «Gapy agyk, giriberiň» diýdi. Gapy
ýuwaşlyk bilen açyldy. Aňyrdan gelen
birbada giribermäge ejap etdimi, nämemi, usullyk bilen otaga boýnuny uzatdy.
Jorasyna gözi düşen Humaý Gumra tarap gollaryny gerdi.
Bir şäherde bolsalaram, görüşmäge
elleri degmeýän joralar bu çak biri-birinden öň geplemäge, täzelikler bilen
tanyşdyrmaga howlugýardylar. Olaryň
gürrüni aýlanyp-dolanyp, ýene-de şol birmahalky hata syrygdy. Çünki ondan
bầri ençeme wagt geçendigine garamazdan, joralar her gezek duşuşanlarynda,
hökman şol Ihaty yatlayýardylar. Ony kimiň
yazandygy barada kelle döwýärdiler.
Her gezegem ol näbelliligine galýardy.
Gumry öz dünýäsi bilen başagaý bolup ýörşüne, söýgi diýilýän närsäniň
gapdalyndan nädip geçenini duýman galandygyna kemsinýärdi. Öz ýanyndan
joralarynyň bagtyna guwanardy. Käte
bolsa oýa batardy: «Deň-duşlarymyň
köpüsi maşgalaly, kåsi çagaly-çugaly.
Men bolsa, henizem ýeke. Näme üçin inçe duýga berlip bilmedimkäm? Näme
üçin söýgi meniň duşumdan sowlup geçdikä?
Azajyk üşükli bolan bolsam, «Gumry guşum» diýen ýigide, belki, sataşardym.
Indi şeýdip, ýeke galyberermikäm ýa-da
şol süýji duýgy meniňem dünýämi ýagtyldarmyka? ýumruk ýaly ýüregim näçe gürsüldese-de,
men ony duýmandyryn. Men söýginiň hut şol pursatdan başlanýandygyny
duýmandyryn. Ol öz ýanyndan hat ýazan
ýigidi yazgardy. Yz ýanyndanam: çyndan söýen bolsa, ol soñam aýdardy. Söyyän gözleriň garaýşam başga.
Men-åä henize çenli hiç kimde özüme üýtgeşik garaýşy duýmadym. Diýmek, ol ýigidiňem söýgüsi ýalandyr» diýip, özüni köşeşdirerdi. Bagtyň haçanam bolsa
- birwagt öz dünýäsini ýagtyltjakdygyna ynanýardy. Indi oňa ýüregi bilen garaşýardy. Şonda ýene näme üçindir onuň oýuna ilki bilen Hemra gelerdi.
Hemranyň henize çenli öýlenmän ýörşi-de
oňa geňdi. Göýä, ol kimdir birine garaşýan ýalydy.
Gumry lukmançylyk uniwesitetini tamamlap gelen badyna, deň-
duşlaryny myhmançylyga çagyrdy. Ol bu duşuşykdan köp zada garaşýardy.
Wagtyň geçendigine garamazdan, şu gün şol haty kimiň ýazandygyny anyklamak isleýärdi. Çünki ol indi birmahalky
garagol Gumry däldi.
Degişme-gülküler bilen başlanan oturylysyk uzaga gekdi. Yaşlaryň hiç
haýsynyň gaýdasy gelenokdy.

dowamy bar
23
87
perijik
8 May 2024
👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.