milana
08.05.2024 08:28


4.bölüm
Güleş gelneje elini näçe çekip aljak bolsa-da ýigitden asgyn geldi, ýigitlik güýjünden doly ellerden gaçyp bilmedi, ýaşy gartaşypdy, garrylyk güýçli gelýärdi, hem uzak ýol ýöräp ýadapdy, hem-de gyzyny urup eliniň ysgyny gidipdi, ahyry bolmajagyny bilip garaňkyda görünse-görünmese ýiti gözüni Soltana dikdi.

 - Aýyr eliňi, maşgala dawasyna goşulma! Entäk saňa-da jogap bermek gezegi ýeter!
 -diýip oglany çekindirdi. Soltan ýuwaşlyk bilen onuň elini göýberdi. Boşadylan eli bilen Güleş gelneje bar güýjini jemlap gyzynyň ýüzüne soňky şarpygyny çalanam şoldy welin Serwi ysgyndan gaçdy, ýere dyzlaryny epdi, horkuldap aglaýardy, ol şeýlebir ozüni mejalsyz duýýardy, welin ýer sowugam bolsa ony bagyrtlap ýatyberesi gelýärdi. Soltan sandyraýan elleri bilen Serwini goltuklap turuzdy, bagryna gysdy. Söýgüli ýarynyň düşen ýagdaýyny görüp ýüregi dilim-dilim boldy, emma mert durmalydy. Ýigit gazapdan doly gözlerini Güleş gelnejä dikdi, gözleri gyzaryp gan öýene meňzeýärdi. Ol şuwagt garşysyndaky öz söýgüli ýarynyň ejesi duran bolsa-da, ýat adam durandyr öýtdi, ýat adam bolsa-da öz çagasyna beýtmezdi diýip beýnisinde pikir ýöretdi, ýüreginde oňa bolan sylagyň ýerini ýigrenç eýeledi. Azymly gürledi:
 - Haýsy ene öz çagasyna el batyrmaga dözýär? "Eje" dälmi gyzynyň goltgusy. Haýsy ýazygy üçin ene kalby çagasyny ynjydyp bildi? Beýdip ahyr-zaman inderer ýaly bolan zat ýok! Söýmek, söýüşmek aýyp zat däl ahyry. Meseläni dawa bilen çözmek bolmaz, urup-sögeniňiz bilen iş bitmez! Günäsiz adamy urmaga hakyňyz ýok, şuny unutmaň!
 - Maňa akyl öwretjek bolma, meniň hukuklarym seniň ýazylmadyk kanunlaryňda bardyr, nämäniň dogry ýa-da nädogrydygyny özüm gowy bilýärin, bolduň meň başyma ýurist. Söýgimi? Agzyndan süýdi gitmedik çagalar söýgini näbilsin? Söýgi edebiňi saklananda söýgi bolýar, siz ýaly ilden ýaşryn, gizlenip duşuşmaýarlar, ahlagyny bozmaýarlar! Terbiýesizler! Ýene-de bulaň biri wraç, beýlekisi ýuristmiş, ýokary bilimli adamlarmyş... hany siziň ýokary bilimiňiz? Ýokary bilimli, düşünjeli adam ogly beýle edepsizlige baş goşmaz!
 Güleş gelneje gyzyny urup içini sowatdy, yzyna öwrülmezden öň gyzyna ýigrenç bilen seretdi:
 - Ýa-ha şu oglany saýlarsyň, ýa-da bizi, ýogsam hem ejem-kakam bardyr diýip öýe aýagyňy sekäýme, sen ýaly gyzymyz ýokdur.
 Serwiniň ýüzünden gözüni aýyrman gollary bilen orap oturan Soltana seredip:
 - Ana, gyz. Gerek bolsa ýygna!
 Güleş gelneje diýjegini diýdi-de uludan demini alyp yzyna öwrüldi, ýere gaçan fonaryny almagam unutdy. Öýlerine ýetýänça hüňňürdenip gitdi, içinden-daşyndan gürlap gyzy bilen hyýalynda urşup barýardy. Ýol boýy bir aglady, bir diňdi.
 Soltan Güleş gelnejäniň yzyndan hiç zat diýmedi, düşündiresi-de gelenokdy. Onuň häzir bar aladasy Serwidedi. Dyzlaryny epip ony gujagyna aldy. Gyzaran ýaňaklary garaňkyda görünmese-de duýup durdy. Söýgüli ýaryna ýürek-bagry gyýym-gyýym boldy, söýýän gyzynyň özi sebäpli bu ýagdaýa düşeni üçin iç-etini ýyrtdy, özüni näletledi. Zordan seslendi:
 - Serwi, özüňe gel, Serwi. Tur hany, mert bol! Hiç zatdan gorkma, men seň ýanyňda ahyry. Ejizleme!
 Onuň şuwagt bar diyip biljek, berip biljek goltgusy şu sözler boldy. Saçlaryny sypap, maňlaýyndan öpdi. Şol oturyşyna özüni günäkärlemäge başlady.
 - Serwijan, bagyşla! Hemmesi men sebäpli boldy. Saňa habar ýollamadyk bolsam, çagyrmadyk bolsam bu zatlar bolmazdy. Wah, men guraýyn, näme üçin çagyrýaň diýsene? Ýene birki gün oňup bolmadymy diýsene? Ilki ejem dagyny ugratmaly ekenim, ejeň-kakaň razylygyny alyp soň gelen bolsam, beýle jepalar çekmezdiň. Bagyşla, Serwim!
Okyjylara: Harp ýalňyşlykaryna üns beren halatyňyzda teswirde belläp geçmegiňizi haýyş edýärin.
~Milana

26
93
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.