Kofe rak keseliniñ öñüni alyp bilýär. Muny alymlar tassyklaýar.
Kofeniñ yzygiderli içilmegi bagyr we aşgazan asty mäziniñ rak keseliniñ käbir görnüşleriniñ döremek howpuny azaldyp biler. Muny derñewler görkezdi diýip, smotrim.ru habar berýär.
Kofede polifenollar, ýagny öýjükleri zeperlerden goraýan, rak öýjükleriniñ ösmegine päsgel berýän we hatda olaryñ ölümine sebäp bolýan güýçli antioksidantlar bar. Mundan başga-da, kofe-de bagyrda kanserogenleri zyýansyzlandyrmaga kömek edýän fermentleriñ işlenip çykarylmagyny höweslendirýän kafestol bar.
Şeýle-de bolsa kofe, ortaça günde 3-4 çaşkadan (300 mg kofein) köp içmezlik maslahat berýär. Kofeden başga-da, beýleki iýmitler hem rak keseliniñ howpuny azaltmaga kömek edip biler: kelem, brokkoli, gyzyl tüwi, deñiz önümleri, kod balygynyñ bagry we başgalar.
Çeşme: tmcars.info (düýn 23:41)