Ýaş şahyr 97
06.05.2024 22:32
Diňle gülim, diýjek sözüm,
Hemmeden gabanýan seni.
Her ýana bakmasyn gözüň,
Hemmeden gabanýan seni.

Ýere seredip ýöräýdä,
Saçyňy iki öräýdä,
Meniň halyma dözäýdä,
Hemmeden gabanýan seni.

Öýüňden çykaňda daşa,
Ýalyňňy ataýgyn başa,
Beýlede bezenme aşa,
Hemmeden gabanýan seni.

Internetden çykyp göýber,
Udalide basyp göýber,
Kanallarňy pozup göýber,
Hemmeden gabanýan seni.


Owadan bolsaňam kynda,
Lak atan tapylýar günde,
Ýöräber sessizje dymda,
Hemmeden gabanýan seni.

Dar köýnek, asla geýmegin,
Ýalan sözläp, poh iýmegin,
Oglana dostum diýmegin,
Hemmeden gabanýan seni.

Söýen gyz, ikilik etmez,
Närza edip, özgä gitmez,
Her kesiň, bagynda bitmez,
Hemmeden gabanýan seni.

Gyz göwni bir, näzik bolar,
Öýkelek hem, lälik bolar,
Bil Hangeldi, ýazyk bolar,
Hemmeden gabanýan seni.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
27.04.2024.
18
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.