alma___
06.05.2024 21:33
2 bòlum.
Gumry çekinjiräp durmady.
-Gül yüzüne perwana men, gaýry
reýhan istemen,
Bakyban mährinden doýsam, bagy-bossan istemen...
Okuwçylar ýene pakyrda berdiler.
Hydyr mugallymyň gahary geldi, ol
«gülkiňizi bes ediň» diýyän terzde stoly
çala ýumruklady.
- Agaýewa, sen Magtymguly bilen Mollanepesi bulaşdyrdyň. Seň bu
aýdýanyň Magtymguly Pyragynyň «lstemen» goşgusy.
- Mugallym, ony men bilýän, ýöne
meň şu goşgyny aýdasym geldi-dä.
Okuwçylaryň gülküsi has batly çykdy.
–Mugallym, Gumrynyň yürejigidä şol òzünih istelmegini küýseýä
pahyrjyk. Yöne ganat kakyp uçup ýörsüne ýerde näme bolýanyny bilenok.
Hydyr mugallym yzdan eşidilýän seslere, Gumrynyň özüni alyp barsyna has
gaharlandy:
Hany, ýuwaş boluň, senem
Agayewa, Mollanepesden bir goşgy aýt. Yogsa-da gündeligiňe ikili-gä bir
goýyan, Hemra-da oturgyjyňy ýerinden
suýşürmäge rugsat berýän.
Gumry esli salym torsarylyp durdy-da,soñam ýuwaşlyk bilen aýdyp başlady:
- Dür derýadan çyka bilmez,
Nazar kylsa dişleriňe.
Dowzah meni ýaka bilmez,
Yanyp men ataşlaryňa...
Yzda oturgyçdan biriniň: biri: «Gumry guş oda atyldy-da» diýdi.
Okuwçylar ýene-de gülüşdiler. Hydyr
mygallymyň halys gahary geldi.
Bü näme boldugy, şu ýerde gülkünç zat barmy? Häzir baryňyzyň gündeliginize
tertibi yok diyip, ikilik goýýan.
-Mugallym, bary Gumrudan-da.
Oña ikilik goýaýmasaň, başga alaç boljak däl yaly-la.
Hydyr mygallymdan ses çykmady.
Oña derek yzda oturan Gurban özbaşyna
hünürdedi.
- Mugallym, öňräk men himiýadan jogap berenimde hem, Gumry şeýdip,sapagy bozdy. Oňa çäre görüň-dä. Yogsam
ol-a her gezek akja jüýje, bizem tertibimiz
üçin ikilik almaly bolýas.
- Ejesini mekdebe çagyrmaly Gumryň. Gyzyna: «Akyllyja bol diýsin-dä.
Ýöne Gumra diýdiň, diýmediň, tapawudy ýokdy. Onuň şol bir bezzatlygy,
degişgenligidi.
Iň soňky jaň kakylan güni Gumrynyň häzirem ýadyndan çykmaz. Ikibir-
ikibir bolup, pyrlanyp tans edip ýören okuwçylaryň şatlygyny hiç zat bilen
deňär ýaly däldi. Göýä, ýaşlyk olaryň
ygtyýaryny elinden alan ýalydy. Aýdym-
saz ses-üýn alyşdyranokdy. Gyzlar sol pyrlanyp ýörüşlerine has-da bat
alýardylar. Olaryň ellerini, billerini
hereketlendirip, edýän tanslary biri-birinden owadandy. Aralyga böwşeňlik aralaşandan, Gumry tans edip ýörenleriň
ünsüni böldi:
- Gyzlar, oglanlar, ýekeje minut maňa üns beriň. Şu gün biz - uçurym.
Gutardyş synaglaryndan soň ýollarymyz
aýra düşer. Sizi görüp ýörmesem, meniň
günüm geçermikä? Meni şol pikir heläk edyä. Meniň kösenmegimi islemeseňiz,
kim nirä gidýän bolsa, birek-birege aýtsyn!
Biri-birimiziň salgymyzy alalyň. Yogsam,
ilki bilen meň ýüregim gysar. Men lukman
bolmagy arzuw edýän. Meni göresi gelen
lukmançylyk mekdebine baraýsyn. Indi sòz sizden.
Gumrynyň ýarym çyn, ýarym degişme
bilen aýdanlaryny her kim bir hili kabul etdi. Gyzlar biri-biriniň yzyndan öz
arzuwlaryny aýtdylar. Yöne yigitler weli, mertlerçe dymdylar. Olardan ses
çykmajagyny bilen gyzlar ýene pyrlanyp,
tans edip başladylar. Garma-gürmelikde Gumrynyň eline kimdir biri bir zat gysdyrdy. Gumry birbada onurň nämedigine düşünmedi, soňam birden ýüregi jigläp gitdi. Şol dem onuň beýnisinde özüne
näbelli duýgy at çapdy. Ýüregi gürsüldäp
urup başlady. Gumry özünde dörän ýagdaýy seljerjek bolup, azara galdy.
Yöne hernäçe dinşirgense-de, oňa
düşünip bilmedi. Onsoň ol assyrynlyk bilen gyra çekildi-de, bir-ä gysymyn-
daky kagyza seretdi, birem beýnisindäki
bulaşyk pikirleri seljermek isledi. Ol usuIlyk bilen düýrlenip, bir düwür bolup giden kagyzy açdy-da, ilki bilen, ony kimiňn
ýazandygyny bilmek isledi. Yazgynyň
yzynda hiç hili at ýokdy. Ol birdem haty
oglanlaryň haýsysynyň ýazandygy hakda
oýlandy. Olaryn hatlaryny bir-bir göz öňüne getirdi. Yöne näçe oýlansa-da,
hatyň kimiňkidigini aňşyryp bilmedi.
Gumryny geň galdyran hatda bary-ýogy
oýnam setir bardy.
dowamy bar.
23
76
ayymsha
6 May 2024
Dowamyna garaşýan
milana
6 May 2024
🤭 näme ýazyldyka
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.