Hirurglar ilkinji gezek doñzuñ ýürek nasosyny we böwregini diri adama göçürdiler.
Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ hirurglary genetiki taýdan üýtgedilen doñuz böwregini mehaniki ýürek nasosynyñ implantasiýasy bilen bilelikde göçürmek boýunça dünýäde ilkinji utgaşykly operasiýany amala aşyrdylar diýip, Rambler habar berýär.
Ýürek ýetmezçiliginden we böwrek keselinden ejir çeken 54 ýaşly Liza Pizano beýleki ötüşen keselleri we donor organlarynyñ ýetmezçiligi sebäpli adaty transplantasiýa alyp bilmändi. Lukmanlar oña ksenotransplantasiýany ýagny haýwan organyny transplantasiýa etdirmegi teklip etdiler. Adamyñ antibedenleriniñ organy ret etmeginiñ öñüni almak üçin doñuz böwreginiñ DNK-syna üýtgeşmeler girizildi. Operasiýa iki basgançakdan ybarat boldy: 4-nji aprelda ýürek nasosy oturdyldy we 12-nji aprelda wiloçkaly mäz bilen bilelikde genetiki taýdan üýtgedilen böwrek göçürildi, bu immunitetiñ organy "özüniñki" diýip tanamagyna kömek edýär we ret etmek ähtimallygyny peseldýär.
Bu genetiki taýdan üýtgedilen doñuz böwreginiñ taryhda janly adama ilkinji gezek göçürilmegi we wiloçkaly mäz bilen bilelikde ilkinji transplantasiýa boldy. Operasiýadan soñ näsag Liza Pizano özüni has gowy duýýar, ýüregi we böwrekleri öz funksiýalaryny ýerine ýetirýärler.
Çeşme: tmcars.info (düýn 20:55)