alma___
06.05.2024 16:11
1 bòlùm
Gumry mazaly göze gornüp başlandygyna garamazdan, özüni çaga ýaly alyp barýardy. Degişgendi,gülegendi, her hili oýun edegendi.
Onuň degişmelerine geňirgenişip, käte
oña ulugyzyň edalylygyny öwretmäge calyşýardyldar. Şonda ol her gezek gelnejesi Jereniň aýdanlaryny ýatlardy.
- Şu bezzatlygyňa saňa Gumry ady gelşenok. Gumry «gur-gur» edip ýören ýuwaşja guş, sen bolsa dünýa ot ýakdyraňok. Joralaryňa-da gün bereňok,
biriniň saçyndan çekýän, ýene biriniň
ýaglygyny sypyrýaň, garaz, dek duraňok.
Aýyp bolar ahyry, ulugyz halyňa bezzatlyk
edip ýörseň. Biraz asyllyrak bolaý, senem.
– Nähili asylly bolmaly?
-Seret ulugyz çykypsyň. Yöne sende
ulugyza gelişýän ýekeje hasiýetem ýok.
Gumry bolaýsyňy seniň.
-Ynha seret, şu näme, gyzyň hasiýeti dälmi?Gumry seýle diýerdi-de, özüne
gelişmeýän ýygralyk bilen sülmüreýänsiräp, oýun ederdi. Soňam:
-Indem ulugyza meňzämokmy? diýip, gelnejesine sowally ýüzlenerdi.
Seýtseň-ä, gelişmänem duranok. Oýnuň bar bolsun, seniň. Kime
meňzediňkäň, gyz, sen?!
Gelnejesiniň bu sözlerine ol pitiwa etmezdi. Gyzlar oňa başgaça degerdiler.
Gumry, bu bolşuňa oglanlary duşuňdan geçirersin, soň gaty kyn bolar. Sen birini saýlaýançaň, biziň
barymyz öyli-işikli bolarys.
-Men ýaly yza galyp ýörenleri bardyr-a olaňam. Hemmesi deňämden birden geçäýmez-le.
Maňa-da biri galar ahyry.
Bolşuň bar bolsun. Saňa zat düşündirip bolasy ýok-la.
Soñam olar oňa çyny bilen sorag bererdiler:
-Hany, aýtsana, saňa ýaraýan oglan barmy?
-Yok bolsaňyzlaň, oglany başyma ýapaýynmy, maňa heniz o zatlar barada pikir ederden ir.
- ir-ir> diýip, ahmal galaýma. Soň guş bolup, asmanda näçe pyrlansaňam,haýry degmez.
Şol halat ol adyna näme üçin Gumry dakandyklaryna düşünjek bolup, azara galardy. Yöne her näçe pikirlense-de,
akyl yetirip bilmän, öz ýanyndan ene-
atasyna igenerdi: man Gumrumy?! Adym basga bolanda,
belki, häsiýetimem başgaçarak bolardy.
«Soñam ol öz-özüne garsy cykardy. «Men
diyýần zadym näme, gumry ýuwaşja guş bolsa, menem şoň ýaly bolmaly ahyry.
Bu ýerde bir düşnüksizlig-ä bar. Adamyň
adyna göra häsiýeti bolýar diýýänleri,
belki, nädogrudyr>. Şeýle halatda ol ulugyzyň edalylygyny saklamaga çalşardy.
Yöne, näme uçindir, ol dem salymda
Gumrynyň huşundan uçardy-da, yene-de
şol bezzatja gyzjagaza öwrülerdi. Sapaga
jogap bermäge tagta çykanda, harplary
bilgeşländen bulaşdyryp yazardy-da,
okuwçylary güldürerdi. Mugallym bir zat
diýdigi, jogaby taýýardy. Mugallymlaryň köpüsi Gumrynyň gaňryşyna gaýt-
mazlyga, şeýlelikde, sapagy rahat geçmäge çalşardylar. Gumrynyň aýdýan
sözleri deň-duşlarynda gülki dörederdi.
Onsoň olary köşeşdirmek mugallyma iş bolýardy. Käte-de ol kagyzdan guş ýasardy-da, mugallymyň nazaryna güý salyp,
basga bir tarapa uçuryp goýbererdi. Guşy
alanam Gumrudan peslär ýaly däldir,
guşy yzyna uçurardy.
Her kim guş ýasap, uçurmak bilendir.. Gumrynyň hasiýetine belet mugallymlar ony nazaryndan sypdyrmazlyga
çalşardylar.
Bir gezegem mugallym Gumrynyň öñ yanynda oturýan Hemrany ýerin-
den galdyryp, sapaga taýýarlygyny sorady. Gumry Hemra bildirmän, usullyk bilen onuň oturgyjyny bir gapdala süýşürdi. Mugallymyň soragyna jogap
berip bilmän, yüzüni sallap duran
Hemra rugsat berlenden soň, haýallyk
bilen ýerinde oturjak boldy. Ol şobadada çiň-arkanlygyna gaýtdy. Okuwçylar pakyrda berdiler. Içini tutup gülýänlerem az däldi. Hemra weli, yüzüni boz-ýaz edip, ýerinden galdy-da, Gumrynyň
ýüzüne alarylyp seretdi. Yöne näme diýjegini bilmän, hyrçyny dişledi oňaýdy.
Okuwcylaryň gülküsini basmak mugallyma esli salym başartmady. Ahyram ol stoly bat bilen ýumruklady-da;
- Agayýewa, hany tur
yerińden, göryän weli, sen köp bilýän ýaly-la. Indi Rejebowyñ bilmedik soragyna sen jogap berersiň. «Mollanepesiň söýgi hakdaky
goşgusyny ýatdan öwrenmeli»
şu sapagy geçipdik
Sen şahyryň haýsy goşgusyny bilýän
bolsaň, aýdyber.
Gumry çekinjiräp durmady.

dowamy bar
26
96
zita
6 May 2024
Mnm seyledim mna yone okuvcylara dal mugallymlama azar beryadm dine
milana
6 May 2024
Men ýalylaram bar eken;)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.