Alymlar 75 000 ýyl mundan ozal ýaşan neandertal aýalyň ýüz keşbini dikeltdiler
Britaniýaly arheologlar, takmynan, 75 000 ýyl ozal ýaşan neandertal aýalyň dikeldilen ýüz keşbini hödürlediler. Bu barada Bi-Bi-Si habar berýär.
Şanidar Z adyny alan aýalyň galyndylary 2018-nji ýylda Yrak Kürdüstanyndaky Şanidar gowagynda tapyldy. 200 bölege bölünen kelle süňküniň gowşaklygy sebäpli ýüz keşbiniň dikeldilmegi alymlar üçin hakyky kynçylyk boldy.
3D tehnologiýalarynyň we paleoantropologlaryň yhlasly işiniň kömegi bilen Şanidar Z-niň ýüzüni “janlandyrmak” başartdy. Gözlegiň netijesi Netflix-de görkeziljek “Neandertallaryň syrlary” dokumental filminde görkeziler.
Şanidar Z 40-50 ýaşynda aradan çykypdyr we bu şol döwrüň ölçegine görä uly ýaş hasaplanýar. Ol gowakda jaýlanypdyr, şondan soň daş gaýdyşy bolan bolmaly, netijede merhumyň kelle süňki iki santimetr galyňlyga çenli ýemşerilipdir we ownuk böleklere bölünipdir.
Kynçylyklara garamazdan, alymlara diňe bir Şanidar Z-niň ýüz keşbini gaýtadan dikeltmek däl, eýsem neandertallaryň durmuşy barada gymmatly maglumatlary almak başartdy. Gözleg bizden has öň ýaşan bu adamlaryň çylşyrymly sosial başarnyklara eýe bolandyklaryny we hatda jaýlamak däplerini hem ulanandyklaryny görkezdi.
düýn 16:53
15360Tamacars