milana
06.05.2024 09:06

2.bölüm
Fonaryň ýagtysy özlerine gönükdirildi. Serwi duýdansyz düşen yşyga zöwwe arkasyna öwrüldi. Gelen nätanyşyň ejesidigini bilip gözleri hanasyndan çykjak boldy, elewredi, doňup galdy, özüni sokara deşik tapmady. Kellesinde jigisi Akgözeliň wadasy ýaňlandy. Soltanyň ýanyna gaýdanyny ejesine aýdandygy hakyndaky pikir kellesinde ýyldyrym çaltlygynda aýlandy. Içinden: "Aýdypdyr. Wah, jigimjan, nädäýdiň sen?!" diýip ýanynda ýok hossaryna ýüzlendi. Onuň bu ýere gaýdanyny aýtmazlygy jigisine öwran-öwran gaýtalap gaýdany hakydasyna geldi. Gyzynyň oglan bilen gijäň ýary duşuşyga gaýdanyny baradaky habar nirelerdendir bir ýerlerden çawuş kakylanda Güleş gelneje öz gözleri bilen görmek üçin ýüregine daş baglap gaýdypdy. Ýol boýy içinden beýle masgaraçylyga ýol bermezligi üçin Alladan ýalbaryplar sorady. Garşysyndaky subutnamany görüp dili aýlanmady.
- Serwi?! Serwi, bu senmi? Sen... sen Sülgünlere gitmänmidiň?
- Eje... eje... men...
- Sen bu ýerde gijäň ýary bu oglan bilen näme işleýärsiň?
-diýip oglany tanamak üçin fonaryny ymyklyja onuň ýüzüne tutdy, esgerlik eşiginde bolansoň känbir tanamajak boldy. Birdenem onuň Serwiniň synpdaşy Soltandygy hakydasyna geldi.
- Soltan?! Siz ikiňiz bu ýerde näme işleýarsiňiz?
- Eje, gaharlanma, eje. Men saňa hemmesini düşündirerin.
- Diýmek, maňa aýdylan gürrüň çyn ekendä?! Meň gyzym beýdip bilmez diýip saňa arka çykanym bir köpük ekendä?! Men saňa şeýle terbiýe berdimmi?!
- Biz aýyp iş etmedik, eje.
Soltan hem Serwiniň ejesini köşeşdirmek üçin ara goşulmak isledi, emma ýagdaýy ula goýbermezlik üçin kelam agyz söz diýmedi.
- Aýyp iş etmedik???
Güleş gelneje gahardan hum ýaly çişdi, öz zürýady gözüne ýigrenç bilen görünmäge başlady. Elindäki fonary hazanyň ýeli uran ýapraklaryň üstüne biygtyýar gaçdy. Ýat adam kimin gyzynyň üstüne topuldy, onuň al-petinden alyp başlady. Ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, silteläp, ýençmäge başlady:
-Sen saçy kesilen bizi il masgarasy etdiň! Sen diýip ýüzümiz gara ört boldy! Ile çykarlygymyz galmady! Seni ulaltdyk, ekläp-sakladyk, ýokary bilimli etdik, iýjegiňi iýdirdik, geýjegiňi geýdirdik, eliňi uzadan zadyňy alyp berdik, iliň gyzyndan hor ýaşatmadyk, a, seň bolsa ejeň-kakaňa edýän taňryýalkasynyň şumy?
Soltan ejesiniň elleriniň astynda ýenjilýän Serwini görüp zähresi ýarylara geldi, ilki näme etjegini bilmän elewredi. Dili aýlanmady, içinden bolsa Serwiniň ejesine ýalbarýardy. "Gyza degme, ýençme!" diýip seslenesi gelýärdi, emma bolanokdy. Serwi ejesine aglap ýalbaryp başlady.
-Eje, urma, eje, dursana, jan eje! Hemmesini düşündirjek, beýtme, eje! Beýtmesene, diňläýda menem, ýalbarýan, eje!
- "Eje" diýme maňa! Sen ýaly gyzym bolandan bolmadygam ýegdir. Biziň abraýymyzy, namysymyzy ýere çaldyň! Iliň erkegi bilen gyrak-bujakda görüşmäge nädip het etdiň? Saňa önem aýtmanmydym, duýdurmanmydym? Şu oglanyň adynam tutma diýmänmidim? Kakaň eşidäýse näder? Bizi bolmasa-da, kakaňy pikirlenmediňmi?
-diýip, ýene-de onuň çem gelen ýerine urmaga başlady, Soltan özünde güýç jemläp Güleş gelnejäniň eline ýapyşdy, bar güýji bilen gysyp saklady, ýöne bir agyz söz diymedi, diýesi hem gelenokdy. Öz çagasyna beýle zulum edip bilýän ejä sözläsi gelenokdy. Güleş gelneje elini näçe çekip aljak bolsa-da ýigitden asgyn geldi, ýigitlik güýjünden doly ellerden gaçyp bilmedi, ýaşy gartaşypdy, garrylyk güýçli gelýärdi, hem uzak ýol ýöräp ýadapdy, hem-de gyzyny urup eliniň ysgyny gidipdi, ahyry bolmajagyny bilip garaňkyda görünse-görünmese ýiti gözüni Soltana dikdi.
Okyjylara: Harp ýalňyşlykaryna üns beren halatyňyzda teswirde belläp geçmegiňizi haýyş edýärin.
~Milana
28
180
hasap
6 May 2024
@ufcc, öňem bardy bu ýöne kän görünmedi
milana
6 May 2024
@ufcc, yep)
milana
6 May 2024
@ufcc, hosh bulduk diyyami turkler)
milana
6 May 2024
@ufcc, salam
milana
6 May 2024
@Kenno_Tabi, 🤦🏻‍♀️
milana
6 May 2024
@Kenno_Tabi, tebigy taýdan näsaga meň güýjüm ýetmez) 😝
Relax
6 May 2024
@Kenno_Tabi, tanadyn oytyan :D
Kenno_Tabi
6 May 2024
@milana, sen düzedäýmeseň 😍😛
milana
6 May 2024
@Relax, 🥲🤭
milana
6 May 2024
@Kenno_Tabi, sen düzelmeýäñ, toçna🥴
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.