Birnäçe ýyllaryň dowamynda müňlerçe adamlaryň ýüreklerinda gorky döreden bu adamlar şeýle aýylganç näme etdilerkä?
Gizlin bileleşige goşulmaga isleg bildiren adam tanyşdyrylyş ritualyny geçmeli bolupdyr. Täze agza sektanyň öňki agzasynyň ýanyna baryp goşulmaga isleg bildirmeli eken.
-Seniň ýoluň tokaýlygyň içinden. Ol ýerde sen borfimany (borfima- sekta agzalarynyň döreden "jadyly" içgisi. Ýumurtganyň agy, horazyň gany, adamyň gany we başga zatlar goşulyp ýasalypdyr) taparsyň- diýip, sektanyň agzasy ony şol agşam tokaýyň içine gidýän ýola eltipdir. Tokaýyň içinden birnäçe kilometr ýöränden soň, adam ýadap we jadyly içgini tapmaga bolan ynamyny ýitiren wagty onuň öňünden 3 sany nätanyş çykar eken. Olar hiç zada düşünmeýän adamy altara eltipdir. Bu ýerde sektanyň lidery täze agza gaplaňyň dyrnagyna meňzeş ritual pyçagyny we borfimany beripdir.
Tiz wagtdan täze agza öz oljasyny getirmelidi. Munuň üçin ol öz tanyşlaryndan gyzyny "sorapdyr" ýa-da nätanyş adamyň üstüne topulmaly bolupdyr. Olja hökmünde köplenç ýaşajyk gyzlary saýlapdyrlar. Gije sektanyň agzalary tokaýda ýygnanşyp oljany altara eltipdirler. Adamlar altaryň daşyndan aýlanyp tans edip başlapdyrlar. Täze agza bildirmezden gyzyň arkasyndan baryp onuň bokurdagyny kesipdir. Soňra beýleki agzalar hem ýabany haýwanyň hereketlerini gaýtalap oljanyň jesedini zaýalamaga başlapdyrlar. Dogrusy, olar "jadyly" içginiň kömegi bilen ýabany haýwana öwrülýärdiler. Ahyrynda, ritualyň soňky tapgyryna geçipdirler. Ýagny, jesediň iýilmegi we ganynyň içilmegi.
Gaplaň-adamlary bu ýyrtyjy haýwana öwrülip bilipdirler. "Jadyly" içgilere doly ynanmaklary olara uly kömek edipdir. Şeýle-de, her tiräniň rituallary, tanslary, edýän hereketleri dürli-dürli bolupdyr. Sektanyň agzalary öz edýän aýylganç işleri barada hiç hili ýagdaýda gürrüň berip bilmändirler, "jadyly" içgini içmekleri olara özlerini tanatmagy gadagan edipdir.
Gaplaň-adamlarynyň iň soňky gezek "özlerini tanatmaklary" bary-ýogy 30 ýyl öň, 1994-nji ýylda Liberiýada boldy. Şonda haýwanyň elinden ejir çeken 8 sany adam Gyzyl Haç komitetiniň garamagyndaky ýerli hassahana getirildi. Olardan bir aýal we bir çaga entek diridi, emma şeýlebir gorkupdyrlar we näme bolanyny düşündirip bilmediler. Hassahanada işleýän ýerli lukmanlaryň ählisi gorkup, gaçyp gitdiler. Gyzyl Haç-yň işgärleri jesetleri barladylar we adamlara ýabany haýwanlaryň topulmandygyny anykladylar: ýaralaryň haýwanyň dyrnagy bilen edilendigine garamazdan, dişleriň yzlary adamyňkydygy mese-mälimdi. Emma, ertesi güni başga bilermenler jesetleri barlamak üçin gelende akyla sygmajak zady gördüler: jesetleri barlan we diri galanlary bejerýän ähli lukmanlar öldürilipdir, ýagny hassahanda diri galan adam ýokdy. Jesetler, diri galan çaga we aýal ýitirim bolupdyr. Hassahananyň töwereginde gaplaňyň aýak yzlary tapyldy. Bu wakany yzarlamaga hat-da Interpol hem gatnaşmagyňa garamazdan, hemme gözlegler şowsuz tamamlandy.
Gaplaň-adamlary adamzat taryhynyň syrlarynyň biri bolmagyna galýar. Gaplaň-adamlarynyň bileleşiginiň agzalarynyň şu günlerde barlygy ýa ýoklugy belli däl. Ýerli ilat bu sektanyň bardygyny we wagtal-wagtal täze ölümleriň bolýandygyny aýdýar. Hatda Liberiýanyň öňki prezidentleriniň biriniň bu sektanyň agzasydygy, we ýolbaşçylarynyň biridigi barada myş-myşlar hem bar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan we terjime eden:
@olia