Gaplaň-adamlarynyň birleşigi - günbatar Afrikada döräp, ýerli tireleriň arasynda dürli rituallar arkaly adam öldürmek we kannibalizm bilen meşgullanan gizlin bileleşik (sekta) bolupdyr. Gaplaň-adamlarynyň bileleşigi 19-nji asyryň ahyrlaryndan 20-nji asyryň ortalaryna çenli dowam edendigi çaklanylýar. Bileleşik esasan, Sýerra-Leonada, Liberiýada, Kot-d\'Iwuarda we Nigeriýada hereket edipdir.
Sektanyň döremegi öz gözbaşyny has gadymy döwürden, 15-16-njy asyrlardan alyp gaýdýar. Orta asyrlarda ýerli tireleriň arasynda her dürli rituallar arkaly duşmany öldürmek däpleri bolupdyr. 19-nji asyryň ahyrynda, 1891-nji ýylda \"Tongo wakalary\" (\"Скандал Тонго\") ady bilen taryha giren wakalardan soň bu aýylganç däpler bütin dünýä belli bolupdyr. Häkimiýetleriň beýle rituallary gadagan etmegi, ölüm jezasyny döretmekleri hem täze ölümleriň öňüni alyp bilmändir.
20-nji asyryň başlarynda Sýerra-Leonada geçirilen ýörite gözleg işleriniň netijesinde 400-den gowrak adam tussag edilipdir, olaryň ulanan ýaraglary, egin-eşikleri halk köpçüligini görkezilipdir. Şondan soň ýurduň çäklerinde sektanyň hereketleri azalypdyr we beýleki ýurtlara ýaýrapdyr. Sektanyň agzalary özlerini tanatmazdan, adaty adamlaryň durmuşyny ýaşapdyrlar, maşgala gurupdyrlar. Emma ritual wagtynda gaplaňyň derisinden tikilen eşik geýipdirler, olaryň dyrnagyna meňzeş pyçaklar bilen ýaraglanypdyrlar.
1934-1935-nji ýyllarda Kongoda bolan wakalar halk köpçüliginde uly gorky döretdi. Şol ýyllarda Kongoda hakyky gaplaňyň elinden öldürilene meňzeş jesetleriň köp sanlysy tapylypdy. Bu wakalaryň esasynda 1935-nji ýylda Edgar Raýs Berrouz \"Tarzan we gaplaň-adamlary\" eserini ýazdy.
2-nji Jahan urşundan soňky ýyllarda sekta eýýam Nigeriýada hem ýaýrapdy. Sektanyň agzalary bu döwürde ýüzlerçe adamlary öldüripdiler. Ýurtda girizilen çäklendirmeler, gaplaň-adamlaryny tapanlara baýrak bermek yglan edilmegi netijesinde 100-e golaý adam tussag edilip, 18 sanysyna ölüm jezasy berildi.
Dowamy bar..