IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 18
182. Kellä ýada göze güýçli urgy(удар) degeninde görünýän ýalpyldamaklaryň we ýyldyzjyklaryň ylmy "Fosfen" diýen ady bar. Haçanda güýçli udar bolanynda, göreçleriň we görüş sistemasynyň mehaniki gyjynmagy(emma bu gyjynma peýdalydäl we ýakymlydäl) bolup geçýär. Şunlukda beýniniň görüş bölümi, aldawly habary alýar we birhili ýyldyzjyklaryň, uçgunjyklaryň, ýalpyldynyň görünmegi interpretirlenýär(düşündirmek manysyny ýüze çykarmak(интерпретируются)).
183. Kör bolan angliçanin Grem Uospadyň, Edward atly iti bardy. It oňa tä özi katarakta(göz jöwheriniň üzülmesi-diagnoz) bolýança wepalylyk we ynamlylyk bilen 7 ýyldan gowurak wagt ýol-görkeziji bolup hyzmat etdi. Şeýle bolsada Grem, wepaly ýoldaşy Edwarddan aýrylasy gelmedi we olar 2010-njy ýylda Opal atly 2 ýaşly labradory(Itleriň sorty, tohumy) aldylar, Opal bolsa inni Gremedede, pensiýa giden Edwardada ýöl-görkeziji bolup kömek edýär. Iki it hem Soffolok grafstwasynyň Uospod maşgalasynda ýaşap uly şöhrata eýe.
184. Dežawýu-bu söz barada köpler bilmeýän bolsa gerek!? Onda düşündirjek bolaýyn. Dežawýu-bu şuwagtky sizde birinji gezek bolup geçýän wakanyň, öňem sizde bolup geçenýaly bolup görünmegi ýa-da öň şu wakany düýşüňizde gören ýaly bolmagyňyz. Inni bolsa fransuz dile meňzeş, dežawýu sözi ýaly, başga ýagdaýlaryň ady barada düşündirjek bolaýyn. Dežawýudan başga ýene "Preskewýu" we "Žamewýu" diýilip atlandyrylýan ýagdaýlar hem bar. Preskewýu-bu adamlarda köp gaýtalanýan ýagdaý bolup, biziň aýtjak bolýan zadymyzyň dilimiziň ujunda bolup şol zady aýdyp bilmezligimize aýdylýar. Şol mahal biziň köpümiz "Aýtjak bolýanweli, dilimiň ujunda" ýa-da "aýtjak zadymy agzymdan şeýtan kakdy" mundan başgada "şuwagtjyk aýtjakdym, eýýäm ýadymdan çykdy" diýilen sözleri ulanýarys. Žamewýu-bolsa, dežawýuyň garşydaş tarapy, gaty gyt-az bolýan ýagdaý, ýagny adam şuwagtky ýagdaýy öň görenýaly bolmagy we öňküdenem has beter anyk görenýaly bolmagy. Žamewýu adatça psihiki bulaşmagyň wajyp alamatydyr.
185. Günorta Arabystanyň Jidda şäherinde dünýäde iň beýik fantan ýerleşýär. Şemalsyz wagt ol fantanyň çüwdürümi 312 metre ýetýär.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.