alma___
05.05.2024 17:26
Ýalan dünýäni

İçiň sowaýança, ýakasyň geler,
Aldap, seň üstüňden gülen dünýäni.
Gahardan, bar zady ýykasyň geler,
Giň bolup ýeňmeseň, ýalan dùnýani.

Şükürdir, törüňe rysgal getirjek,
Sabrdyr, bir seni bagta ýetirjek,
Haýsy bir dert üçin, aglap oturjak,
Giň bolup ýeňmeseň, ýalan dünýäni.

Öňde duran bagty, tutup bilmeýäň,
Gijelerine, rahat ýatyp bilmeýäň,
Hijem, garrylyga ýetip bilmeýäň,
Giň bolup ýeňmeseň, ýalan dünýäni.

Arzuw-hyýallaryň ýykylyp başlar,
Seni dost tutunan, ökünip başlar,
Saçyň ir çalaryp, dökülip başlar,
Giň bolup ýeňmeseň, ýalan dünýäni.

Iň soňunda, dünýeden boş çykarsyň,
Ne bir many, ne bir şatlyk taparsyň,
Ynan, öz ömrüňi özüň ýakarsyň,
Giň bolup ýeňmeseňn, ýalan dünýäni.

Kuwwat Yazmuhammedow
23
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.