Orangutan dermanlyk otlardan peýdalanyp, ýarasyny bejeren ilkinji haýwan boldy
Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky jeňňeliň goralýan zolagynda ýaşaýan Rakus atly erkek sumatran orangutany ylym dünýäsini haýran galdyrdy. Ol başga bir erkek orangutan bilen söweşenden soň, gözüniň aşagynda suwjaryp duran ýara döredi. Orangutanlaryň bu toparyna syn edýän biologlar haýran galdylar: ýaralanandan üç gün soň, Rakus derman ösümligi bilen ýarasyny ýöriteläp bejerip başlady.
Maks Plank Jemgyýetiniň (Germaniýa) haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwreniş institutynyň hünärmenleri we olaryň indoneziýaly kärdeşleri Scientific Reports žurnalynda bu barada çykyş etdiler.
Makalada Rakusyň tropiki Fibraurea tinctoria lianasynyň ýapraklaryny ýolup alandygy, ony çeýnändigi we emele gelen şiräni ýaranyň üstüne gysandygy aýdylýar. Ahyrynda, çeýnelen ýapraklar bilen tutuş ýaranyň üstüni doly örtüpdir. Bäş günüň içinde ýara doly bitip, ýokuşma alamatlary galmandyr.
Fibraurea tinctoria agyryny aýryjylyk, çişmä garşy we gyzgyny gaýtaryjy häsiýetleri bilen tanalýar. Günorta-Gündogar Aziýada adaty lukmançylykda köp keseli bejermek üçin giňden ulanylýar. Liananyň ýapraklaryndaky ösümlik himiki birleşmeleriniň seljermesi antibakterial, garabaşa garşy, çişmä garşy we antioksidant işjeňligi bolan alkaloidleri özünde saklaýandygy we şonuň hem ony ýaralary bejermekde tüýs laýyk serişde edýändigini görkezdi.
Alymlar şu wagta çenli adampisint maýmynlaryň derman ösümlikleriniň kömegi bilen ýaralaryny ýöriteläp bejerýändiklerine syn etmändiler. Rakusyň özi Fibraurea tinktoriýasynyň bejeriş aýratynlyklaryna göz ýetiripmi ýa-da garyndaşlarynyň birinden öwrenipmi - belli däl.düýn 18:22
11785:Tamacars