alma___
04.05.2024 22:44
Hekaýa

Ol gün meniń halym juda harapdy. Näçe ýyldan bäri halaşyp ýören gyzymyň: «Meni unut diýip, aýdan sözleri meniň dünýämi lerzana getirdi. Bir zady unutjak bolup, ýetjek derejäme ýetdim. Şol günleriň birinde hem uly toýda jenjel
turzup, dost oglanlarym bilen ýakalaşyp-çekeleşip
ugradym. Şol mahal meniň öňümde döw dursun,
atamam sylamajagym anykdy. Birdenem sen
peýda bolduň-da, gözlerime dykgat bilen garap: meniň sözüme gulak asarsyn.
Men seniň sözüňi böldüm: näme?». Sen gaşyňy cytman: «Maňa gulak asmasaň, özüň ýaly bir ýigidiň toýuny bozup, at gazanarsyň. Gel, gowusy toýdan bir gyra çekileli» diýdiñ.
Nädip, yzyňa düşüp, toýdan çykyp gaýdanyma men haýran.
Toý şowhuny barha daşlaşyp, aýak seslerimiz özüme aýyl-saýyl eşidilip
ugrady, diýmek, «özüme gelip ugrapdyryn» diýdim. Agşam şapagy gök ýüzüne çala
çaýylyp barýardy, seniň örülen gara saçlaryň şam şapagyna şeýle bir enaýy görünýärdi,
meniň akylym haýrandy.
Onsoň sen maña dikanlap garadyň-da: «Söýgülim wadasynda durmady, meni taşlady» diyip, uly toýda jenjel turzup, toý bozup, nämäni subut etjek?» Gaharym geldi: «Menin yeri-
me özüń bolsaň näderdin?» diýdim. Sen ýylgyrjak ýaly etdiň-de, birden gaşlaryňy gerip, has salyhatlandyň: «Bir dessanda «Aşyk diýen hemme aşyk deň bolmaz» diýen setirler bardy, şo
dogry eken». Sen maňa köpmanyly garadyň, men hiç zada düşünip bilmän, uludan demimi aldym. Soňam: «A gyz, meni gadymky geçen aşyklara deňäp oturma» diydim.
Gadymy
aşyk-magşuklar hemişe bir-birine wepaly bolupdyrlar». Ajy kinaýa bilen aýdan sözlerimi
diňläp, sen: «llki sen meni diňle, aý oglan» diýdiň. «Aý oglan» diýip, iliňden gaçan soňky
jümle şeýle bir ýüregimi ýaralap gitdi, asyl çydar ýaly bolmady. Damagym doldy. Sen bosa sözüňi dowam etdirdiň. «Ynha, şu bolup duran toý ýaly şowhunly toýy menem arzuw edipdim. Özem edil şu toý tutup oturan oglan bilen bagtly bolmagymy näler diläpdim.
Men näme diýjegimi hem bilmän, bir zat diýmekçi ýaly agzymy açdym. Yigit maňa aşyk däldi, men ýigide aşykdym». Sen uludan dem alyp, owadan ýylgyrdyřň: indem
menin söýen oglanymyň toýunda onuň daşyndan guwanyp, örtenip-ýanyp durmakdan
başga alajym ýok». Seniň gyrmyzy yañaklaryňdan syrygyp gaýdan bir çogdam gözýaş
aýdyp duran sözleriň güwäsi bolup göründi. zeýrenyändir hem öjdayme, aý oglan. Men diñe söýenimiň bagtly gününde sähelçejigem
gaşy çytylmasyn diýip, seni şu ýere alyp gaýtdym. Yene-de saňa söýginiň sarpasyrnyň hemişe
belent bolmalydygyny düşündiresim geldi».
Men seniň öñüňde dyza çökesim geldi, kalbymy açasym geldi, iň eziz sözleri aýdasym
geldi. Sen bolsa gözlerime garap başyňy ýaýkadyň.

soñy
Sylapberdi Muhamow
30
131
perijik
6 May 2024
👍🏻👍🏻
gormegeyje
5 May 2024
Gaty gowy hekaýa ekeni 👍❤️
alma___
5 May 2024
Nàmede bolsa mert gyz ekeni
4982
5 May 2024
@awgust, söýen oglany başgany alypdyr. Ol oglany bir taşlamasa boljak ekenda.
awgust
5 May 2024
Wah, gyz oňarmandyr.Söyen ýigidi özge bilen durmuş guran bolsa, yene ondan tama edyän yaly gözýaş dökmesi nämekä?! In bolman bu yigide bir şans bermeli eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.