nur06
04.05.2024 17:11

Belki bähbidedir


Bir goja özüniň ýalňyz ogly bilen ýaşaýan eken. Olaryň meýdan işlerinde peýdalanýan bir atlary bolup, şonuň bilen hem güzeran aýlaýar ekenler. Bir gezek ol at gaçyp gidipdir. Obadaşlary duýgudaşlyk bildirmek üçin gojanyň ýanyna barypdyrlar: “Beýle kynçylyklary görmek hem nesibäňizde bardyr-da…” Goja bolsa gaýtam parahat halda: “Munuň näme sebäpden beýle bolanlygyny kim bilýär? Belki, bähbidedir” diýipdir. Bir hepdeden at dolanyp gelipdir, ajaýyp ýabany atlaryñ hem bir sürüsini yzyna düşürip alyp gelipdir. Esli wagt geçenden soň gojanyň ogly şol ýabany atlaryň birine münüş öwretmek isläpdir. Emma sarç at ony ýere ýykypdyr, oglanyň aýagy döwlüpdir. Indi meýdan işlerinde gojanyň ýeke özi zähmet çekmeli bolupdyr. Obadaşlarynyň ýene-de oňa nebsi agyrypdyr: “Beýle günleri görmek hem nesibäňizde bardyr-da…” Goja bolsa: “Munuň näme sebäpden beýle bolanlygyny kim bilýär? Belki, bähbidedir” diýip jogap gaýtarypdyr. Basym goňşy ýurt bilen arada uruş turupdyr. Ýaşy ýeten erkek kişileriň ählisini söweşe äkitmek üçin oba esgerler gelipdirler. Urşa gidenleriň aglabasy gurban bolupdyr. Gojanyň ogly bolsa aýagy döwlenligi üçin öýünde galan eken...


Ördek ýa-da bürgüt atly kitapdan

24
90
perijik
6 May 2024
👍🏻👍🏻Her bir işde haÿyr bardyr diÿleni dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.