alma___
04.05.2024 10:53
Doganlarym.

Aglan çagym gòwnüm tapan,
Ýykylamda üsdüm kakan.
Şatlygyma gülüp bakan,.
Dostdan eziz bolanlarym,
Meñ mähriban doganlarym.

Derdim bolsa añyp gelen,
Kemim ilden gizläp bilen.
Çarkandagymy düzläp beren.
Müñ beladan sowanlarym,
Meñ mähriban doganlarym.

Sözlerinde bolmaz hile,
Yagsy ýerim ýaýyp ile.
Ters iş edip düşmän dile,
Abraý.şanym bolanlarym,
Meň mähriban doganlarym.

Ejizlämde goldaw beren.
Öz janyndan eziz gören.
"Janym" diýip gujak geren,
Şatlyk,gülkä dolanlarym,
Meñ mähriban doganlarym.
25
55
alma___
4 May 2024
Awtoryny bilemok, okadym,haladym ,paýlaşdym
medik_
4 May 2024
Yeke gyzdygyma gaty gynanyan😢
flowers_
4 May 2024
Awtory?
flowers_
4 May 2024
"Ejizlämde goldaw beren"💜👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.