gul_je
03.05.2024 11:25
Adamlar bilen her gün gürleşýäris, diňleýäris, ýöne garşymyzdaky adamyň bize nä derejede düşünýändigini bilemizok? Ýa-da adaty gürleýän bilen aç-açan düşünjeli adamyň arasynda tapawut barmy?

Täsirli çykyş etmek üçin diliň düzgünlerini gowy bilmek bilen bir hatarda gowy dictionyň bolmagy gaty möhümdir. Agzymyzdan çykýan her bir sözüň öňümizdäki adamlara isleýşimiz ýaly, ajaýyp diksiýa bilen ýetirilmegi mümkindir.

Diksiýamyzy gowulandyrmagyň iň möhüm şerti; Bu söz organlarynda ýaltalygyň bozulmagydyr. Bedeniň dil, dodak we eňek ýaly bölekleri açylmaly we maşklar arkaly aňsatlyk bilen hereket etmeli.

Dodak yaltalygy:

Dodaklarymyzy öňe büzüp, tegelek şekil çekýäris. Bu maşk, dodaklar agyrýança we edip bilmeýänçäñ dowam etmeli we ony sağdan 3 gezek tersine çepden 3 gezek aylamany unutmaň.

Agzymyzyň çäklerini, harplary basyp H we U harplary yzly yzyna h-u-h-u-h-u diyip gaytalamaly.

Edil şonuň ýaly, A we O harplaryda
agzyny giňden açyp, a-o-a-o-a-o görnüşinde aýtmaly.

Dil ýaltalygy:

Dilimizi agzymyzda sakgyç ýaly çeýnýäris. Agyrýança.

Dilimizi çykaryp, ony çepe, saga, ýokary we aşak hereket etdiryäris.
We sonra, Rrrrrrrrrrrrr sesi çykaryarys.

Eňegiň ýaltalygy:

Agzymyzy birneme açýarys we eňegimizi çepe we saga hereket etdiryäris.

Ellerimiz bilen aşakdan eňegimize basyş edýäris we eňegimizi açmaga we ýapmaga synanyşýarys. Bu hereket eňegimizi çeýeligini artdyryar.

Bulardan başga-da, yañyltmaçlar hem bar. Dişlerimiziň arasynda galyň galam ýa-da taýak goýup, yañyltmaçlar aýtyarys. Bu gysga wagtyň içinde iň täsirli boljak iş.

(Şu gara ýeri tokmaklamaly, tokmaklasaň-da tokmaklamaly, tokmaklamasaň-da tokmaklamaly)

Bu maşklary yzygiderli ýerine ýetirsek, gysga wagtyň içinde diktasiýamyzyň ep-esli gowulaşýandygyny görüp bileris.

Ýañyltmaçlar, sözüň we diliň many gurluşlaryny, sözlemleri we dil aýratynlyklaryny öwretmek we ýygy-ýygydan gaýtalamak arkaly ýatda saklamak endigini öwretmek arkaly adamyñ psihomotor ukyplarynyň ösmegine goşant goşýar.

Diliň aýdylyşy we aýdyňlygy bilen tutuşlygyna dil öwretmäge goşant goşýar. Dildäki sebäp-täsir gatnaşyklaryna nyşanlary we göçme manylary esaslandyryp, diliň logiki yzygiderliligini düşünmäge kömek edýär. Diliň matematikasyny gowulandyrýar. Diliň gülkünç we tankydy ölçegi bilen tanyşdyrýar.
25
125
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.