alma___
03.05.2024 11:09
Jemleýji bòlùm.

Ne beýle çaltla. Onsoñam men bir zada dùşinesim gelýàr beýle beýle meseleler az salymyñ içinde seyle çalt çözülýärmikä? Oňa aýlar.ýyllar gerek dälmikä? Şony düşündirdä, Begmyrat.
Yigidiń göwni birden galkdy. Nähilidir bir ujypsyzja umyt kalbyna girdi.
Düşündim, Bahar,düşündim.
- Seniň diyjek bolyan zatlaryňa düsindim. Yöne ýagşy umyda bil baglasam
bolýar. Garaşaryn, naçe garaş diýseň garaşaryn.
Bahar ýüzüni aşak goýberdi.
Ulag Tejen şäheriniň bir çetinden girip ugrady. Ýolugra barmaly ýerini
salgy berip barýan Bahar ahyry bir jaýyň deňinde saklamagyny Begmyrat-
dan haýyş etdi-de, ulagdan düşmek bilen boldy.
- Begmyrat, sag bol, Taňry ýalkasyn! Bagyşla welin, senem azara goýdum öýdýän.
Yigit ýeňsesini gaşady:
Onuň azary ýok-la welin, sen maña belli bir zat aýtmadyň-a, Bahar
Ony wagt görkezer.
Bahar şeýle diyip, bir ýylgyran yaly
etdi-de. ylgap diyen yaly, arany açmak bilen boldy.
Begmyrat haýdap barýan Bahary birsalym synlap durdy-da, ulagyny
howlukman, yzyna öwürdi. OI käte bir ýylgyryp, nämänińdir bir zatlaryň
pikirini edip barşyrna, Tejen şäherinden esli arany açdy. Birdenem ulagyny ýoluń gyrasynda saklady-da,
eliniň aýasy bilen maňlaýyny şapbatlady.
Wah, paňkelle. Wah, pekge.
Men Baharyň salgysyny almandyryn-a. Men indi ony nireden tapaýyn?
Onuň ne iş ýeriniň, ne öýüniň salgysyny alypdyryn. Iň bärkisi, telefon
belgisinem-ä bilemok men. Ah, Bahar,Bahar. Men indi seni nireden gözlap
tapayyn?!
Ýigit özbaşyna samyrdady:
- Ah, Bahar, Bahar. Gör, sen nāhili gyz?! Sende bir günde iki ýüregi
bendi eden nähilidir üýtgesik gudrat mähir-muhabbet bar, üýtgeşik jadylaýjy güýç bar.
sen bir günde ejem ikimizi Özüńe bendiwan
etdiň-ä. Men seni hökman
tapaýmaly.
Muňa ykbal diýerler. Men
seni taparyn. Taparynam,
hökman ejem janyň ýüregine-de ömürlik ýer-
leşdirerinem.
Ulag bolsa giň ýoluň ugry bilen yene-de ýoluny dowam etdirdi.
Begmyrat Bahary kản gõzledi.
Her gün diýen ýaly Aşgabadyň gõzel-gözel köçelerinden okkesdirme
geçdi. Her gün diýen ýaly Bahary ulagyna mündüren ýerine gelip, esli
wagtlap durdy, Bahara garaşdy. Emma gyz gara berenokdy. Yöne Begmyrat garaşdy.
Ynha, bir günem awtoulagyň ônki =
gapysy emaý bilen açyldy.
-Salam, daýy! Yagdaýyňyz bolsa, meni, gaýrat ediň-de, demir ýol menziline eltip gaýdaýyň. Men gaty
gyssanýan, otla ýetişmeli.
Gözlerini süzgekledip oturan ýigit zenan sesine tisginip gitdi. Gözlerini giňden tegeledi-de, eýýäm oturgyja
geçip oturan gyza dikanlady. Birbada dili tutuldy.
-B-Bahar. B-Bahar. B-bu s-senmi?
Gyz gözlerini güldürip, gyz näzi bilen onuň ijogabyny berdi:
- Hawwa, men. Näme, tanamadyňyzmy?
Bahar. Bahar, meniň seni näçe gözlänimi, saňa näçe garaşanymy bilýäňmi?
Bahar ýene gyz näzini etdi:
- Hawa bilýän, bir aý, on gün.Näme, kän wagtmy? Her gün bolmasa-da, günaşa gelip, kimdir birine garaşyp durýanyňam bilýän. Ýöne kime
garaşýanyňy bilemok. Menem şu gün
dynç güni bolansoň, habar tutaýaýyn diýdim.
Yigit ykjamlandy:
- Kime garaşýandyr öýdýäň? Elbetde, saňa. Saňa garaşýan, Bahar,
saňa garaşýan. Yeke menem däl,
ejemem garaşýa. Sen onuň derdine em bolup gaýtdyň-a. Bütin maşgalamyz saňa garaşýa. Biz gelinligimize garaşýas. Sen düşünýäňmi, Bahar?
Gyz gyzaran ýüzüni aşak goýberdi. Bu gezek Bahar gyzlyk näzi bilen
ýuwaşja seslendi:
–Düşünýần, Begmyrat, düşünýän!
soñy.
28
144
awgust
3 May 2024
@indi, Minnetdar! Köpem okamok aslynda ozum dil edebiýaty gowy göremsoň goşgyny, hekayany gyzyklanyp okayan.Mümkin şondan söz baylyga täsir edyändir
alma___
3 May 2024
@awgust, tùweleme sende zehin bar .kop okýañ òydýàn,
awgust
3 May 2024
Şeydip bularyň söygi uçgunjyklary tutaşyp gidýär we tiz wagtyn içinde uludan toý tutyarlar. Iki ýaş juwan bir-birege berk ysnyşyp, bagtly durmuşda ýaşap başlaýarlar.Goý, şeýle päk söygi her bir ynsana miýesser etsin! Söýüp hem sökülip ýaşaň!❤️😊
perijik
3 May 2024
Şeÿdip owadan gutarÿan söÿgi hem bolsuna 👍🏻👍🏻 aÿralyk bilen gutarÿan söÿgi hekaÿasy bolondan👍👍 elleriñe saglyk ÿene şeÿle bagtly we gyzykly gutarÿan hekaÿalara garaşÿas
ayymsha
3 May 2024
👍👍👍
Akram_Beshimov
3 May 2024
👍🏻 👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.