ideallider
03.05.2024 09:32
Husudyň ýagşylygy(Erteki)

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir obada, bir ýaş oglan bolupdyr. Ol oglanyň ýaşaýşy aramlyk-halda eken. Günleriň birinde ol oglan, obasyndan uzakda bolmadyk çölüň içinde, öýüne gerek bolan odunlary çöplemek üçin çykanynda, öňünden ysgynsyz we ýaraly hem ölümi ýakynlan adaty ýönekeý guşjagaz çykypdyr. Oglan öz içinden "Guşjagazy aýaga-galdyryp, ýarasyna em-etmek, üýtgeşik kyn zatdäl ahyry. Aýaga-galdyryp, sagaltsama Alla ýalkar" diýip guşjagazyň agzyna içýän suwundan damdyryp, gorap-apalap torbasyna salypdyr we öýüne getirip ideg-edipdir. Guşjagaz aňyrysy 1 hepdeden aýaga galypdyr. Günleriň birinde oglan öýlerine geleninde ol ýönekeý guşjagaz Sumrug-guşa öwrülüp:
— Eý adam ogly. Sen meni halas etdiň, janyma derman-melhem edip aýaga-galdyrdyň. Siz adamlar geňsi. Biriňiz biderek ýere aw-awlap meni ýaralaýaňyz, beýlekiňiz perişde kimin dadyma ýetişip halas edýäňiz. Men ýedimüň-görnüş guşa öwrülip bilýärin. Eý oglan. Men inni seniň öňüňde bergili. Näme islegiň bolsa aýt, islendik arzuwyňy amala-aşyraýyn. — diýipdir. Oglan haýran galyp:
— Üýtgeşik islegim-arzuwum ýok. Allaha şükürler bolsun, kem-zadym ýok. Alla-ýaryň bolsun. Bergiňi-geçdim. Sen erkin, azat. — diýip jogaplapdyr we oz jaýyny gapysyny açyp, Sumrug-guşy ugratmaga hyýallanypdyr. Sumrug-guş bir ganatyny kakypdyrweli, jaýyň içinde ulurak sandyk döräpdir. Ol sandygyň içi lagly-göwher, altyn-kümüş, zümerretlerden doly eken. Soňra Sumrug-guş:
— Meniň janymy halas edeniňe taňry-ýalkasyn. Ine bu hem menden saňa sowgat. Bagtly we sag hem aman ýaşa! — diýip jaýyň içine nur seçip, gapydan uçup gidipdir. Oglan bolsa öz baýlygynyň ýarysyny garyp-gasarlara sadaka, galan ýarysyny bolsa ýygnap goýup öz güzerany bilen ýaşaberipdir. Şeýle gowy günleriň birinde obanyň husyt-baýy bolan kazysy, oglanyň birden baýandygyny eşidip, baryp oglandan "Nädip beýle köp baýlygyň aňsat usul bilen oňa düşenini aýtmagyny" talap edipdir. Oglan ähli zady boluşy ýaly düşündiripdir. Husyt-baý bolsa oglanyň gürrüň beren şol çöl-beýewanyna baryp, Sumrug-guşuň gelerine garaşypdyr. Haçanda Sumrug-guş pel-plelläp, nur-saçyp asmanda görünende bolsa, husyt-baý Sumruga görünmän, ok-ýaý bilen guşy atyp, ganatyny ýaralan eken. Ýarasynyň yzasyna çydamadyk Sumrug-guş özünden gidip çaşypdyr. Şol wagyt hem husyt-baý Sumrug-guşy alyp öýlerine getiripdir we oglanyňky ýaly guşa ideg edipdir. Guş ýene aňyrsy 1 hepdeden sagalypdyr. Husyt-baý bolsa:
— Men seň janyňy halas etdim. Sen maňa bergidar. Men, altyn-gyzyldan doly gaty uly sandyk isleýän! — diýip aýdanyndan Sumrug-guş bir ganatyny kakypdyr, jaýyň içinde uly sandyk döräpdir. Sumrug-guş sesini çykarman jaýdan uçup giden. Şol mahal baý sandygyň gapagyny açyp-görse, ondan gaty-köp arylar çykyp baýyň-endam janyny gök-dalak edipdir.

Çeşme: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.
26
102
ideallider
7 May 2024
@ATOMIC, blin düzelerdä👍
ATOMIC
7 May 2024
@ideallider, 3000 harpdan geçse bolmaýer
ideallider
7 May 2024
Post paýlaşyp bolanokmaý🙁
perijik
3 May 2024
Herkimiñ niÿetine görãdã ÿagşylyk ÿûrekden edilse Allañ razylygy ûçin edilse ÿerne dûşûp sogap bolÿar 👍 husydyñ edeni ÿagşylyk dãl şoña görãde serpaÿyny alypdyr👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.